17 – 19-njy sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär.

Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.

Serginiň iş wagty:

17-nji sentýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;

18-nji sentýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;

19-njy sentýabrda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy.

Telefon belgileri: 39-88-81, 39-88-82/84.