AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşyna yzly-yzyna 2-nji gezek gatnaşýan ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” topary täze möwsümiň ilkinji duşuşygyny geçirdi. “B” toparçada “Arkadag” topary öz meýdançasynda Bahreýniň “Al-Muharrak” toparyny kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda ildeşlerimiz 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. 1-nji ýarymy golsuz geçen oýnuň ýeke-täk goluny 52-nji minutda Mekan Saparow öz adyna ýazdyrdy. Duşuşygyň galan pursatlarynda hasap üýtgemedi. Şeýlelikde, “Arkadag” topary täze möwsüme 3 utuk bilen başlap, ildeşlerimiz häzirki wagtda toparçada 1-nji orunda barýar.
Toparçanyň beýleki oýnunda, Eýranyň “Gol Gohar” hem-de BAE-niň “Al-Jazira” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda hasap açylmady.
PDF








