Her bir halkyň asyrlaryň synagyndan geçip, nesilleriň aňynda we ruhunda ýaşaýan mukaddes gymmatlyklary bolýar. Türkmen halkynyň hem taryhyny, milli häsiýetini, ruhy dünýäsini açyp görkezýän şeýle gymmatlyklar az däl. Behişdi bedew, nepis halysy, wepaly alabaý, ene-mamalarymyzyň yhlasy bilen döredilen milli miras – bularyň ählisi türkmeniň geçmişini şu güni bilen, şu gününi bolsa geljegi bilen baglanyşdyrýan ruhy köprüdir.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» atly goşgusyny okanyňda, hut şeýle bitewülik duýgusy kalbyňa dolýar. Goşgynyň ilkinji setirlerinde taryh diňe geçmişde galan ýatlama hökmünde däl-de, geljege ýol açýan ruhy güýç hökmünde öňe çykýar.
«Beýik taryh – beýik geljege binýat» diýen pikir eseriň esasy many özenini kesgitleýär. Bu ýerde geçmiş bilen geljek biri-birinden aýry düşünjeler däl. Olar bir daragtyň köküdir şahalary ýaly özara baglanyşyklydyr. Şol daragtyň kökleri taryhyň çuňluklaryna aralaşsa, şahalary geljegiň giňişligine uzalýar.
Goşgynyň merkezinde türkmen bedewiniň keşbi aýratyn belentlikde görünýär. Bedew bu ýerde diňe bir gözelligi, ýyndamlygy bilen göwnüňi awlaman, türkmeniň ruhunyň, erkinlige söýgüsiniň, maksada okgunlylygynyň şahyrana nyşany bolup öňe çykýar. «At myratdyr, at ganatdyr türkmende» diýen setirde bedew bilen türkmeniň arasyndaky gadymy ruhy ýakynlyk jemlenýär.
At – myrat.
At – ganat.
At – ýol.
At – türkmeniň taryhyň uzak menzillerinden geljege tarap ynamly gadam urýan ruhunyň keşbi. Bedewiň ýeliň badyna galgaýan ýalyny göz öňüne getireniňde, onuň bilen bilelikde taryhyň sahypalary hem açylýan ýaly bolýar. Bu ýerde gadymy ýollaryň keşbi, giň sähralaryň demi, ata-babalaryň arzuw-maksatlary birleşýär. Şonuň üçin şygyrda bedewiň «kämillik kemaly» hökmünde suratlandyrylmagy onuň diňe daşky gözelligini däl, eýsem, milli ruhdaky ornuny hem açyp görkezýär.
Şygyrdaky şahyrana pikir kem-kemden halkyň ruhy-medeni dünýäsiniň beýleki gymmatlyklaryna geçýär. Ene-mamalarymyzyň yhlasy bilen dokalan türkmen halysy şol gymmatlyklaryň biridir. Haly – diňe nagyşlaryň sazlaşygy däl. Onuň her bir gölüniň, her bir reňkiniň, her bir çitiminiň aňyrsynda geçmişiň sesi bar. Haly dokalanda diňe ýüplükler däl, eýsem, döwürler biri-birine çatylýar. Ýagny bir çitimde enäniň yhlasy, beýlekisinde gyzyň arzuwy, ýene birinde bolsa ata Watanyň keşbi ýaşaýar. Şonuň üçin «Nepis haly – eýýamlaryň mirasy» diýen pikir türkmen halysynyň asyrlardan-asyrlara geçip gelýän medeni ýadygärlikdigini şahyrana görnüşde aňladýar.
Goşguda alabaýyň dostlugyň keşbi hökmünde görkezilmegi oňa aýratyn mähir çaýýar. Uzak taryhyň dowamynda wepalylygyň, hüşgärligiň, goragçylygyň alamatlarynyň biri bolup gelen alabaý türkmeniň wepaly hemrasy hökmünde janlanýar.
Şeýlelikde, bedew, haly we alabaý üç aýry keşp bolup görünse-de, goşgynyň many giňişliginde olar bir bitewi düşünjä – milli mirasa birleşýär. Olaryň hersinde türkmen halkynyň häsiýetiniň aýratyn bir tarapy görünýär: bedewde erkinlik we maksada okgunlylyk, halyda nepislik we döredijilik, alabaýda bolsa wepalylyk hem hüşgärlik.
Goşguda ene keşbi hem aýratyn ýylylyk bilen duýulýar. Eneleriň yhlasy «güller açan köňül sährasy» bilen deňeşdirilýär. Bu meňzetme eseriň iň näzik duýgularynyň birini döredýär. Çünki ene yhlasy nesilleri terbiýeleýän, milli däp-dessurlary, hüwdüleri, el hünärlerini we ynsanperwer gymmatlyklary bir nesilden beýlekisine geçirýän ruhy çeşmedir. Ene ýüregindäki mähir şol çeşmäniň gözbaşydyr.
Şeýle eserleri okanyňda, «miras näme?» diýen sowal biygtyýar döreýär.
«Türkmeniň buýsanjy» goşgusynyň döredýän şahyrana giňişliginde bu sowala jogap aýdyň görünýär: miras – dowamatdyr. Ol geçmişden gelip, şu günüň ýüreginden geçip, geljege tarap akýan ruhy derýadyr.
Goşgynyň ahyryndaky «dowamat» düşünjesi hem hut şu pikiri jemleýär. Bu ýerde dowamat diňe wagtyň dowam etmegi däl. Ol ruhuň, medeniýetiň, milli ýadyň nesilden-nesle geçmegidir.
Şonuň üçin bu goşgyny diňe milli gymmatlyklaryň waspy hökmünde däl, geçmiş, şu gün we geljek hakyndaky şahyrana oýlanma hökmünde hem kabul etmek mümkin. Eserde taryh – binýat, bedew – ganat, haly – ýatlama, alabaý – wepalylyk, ene yhlasy – ruhy çeşme, geljek bolsa şol gymmatlyklaryň dowam edýän ýoludyr.
Türkmeniň buýsanjy onuň diňe eýe bolan baýlygynda däl, şol baýlygyň manysyny duýup, ony geljek nesillere ýetirip bilmegindedir.
Çünki taryh ýatlanylanda ýaşaýar.
Miras aýalanda ýaşaýar.
Sungat döredilende ýaşaýar.
Milli ruh bolsa nesilleriň kalbynda dowam etdirilende, bakylyga öwrülýär.
Şeýlelikde, «Türkmeniň buýsanjy» goşgusynyň şahyrana dünýäsi türkmeniň milli gymmatlyklaryny bir ruhy bitewülige jemleýär. Bedewiň badynda, halynyň nagyşlarynda, alabaýyň wepalylygynda, eneleriň yhlasynda asyrlaryň sesi eşidilýär. Şol ses geçmişden gelýär, şu gün bilen ýaşaýar we geljege ýüzlenýär.
Ol ses – türkmeniň buýsanjy.
Ol buýsanjyň özeni – milli miras.
Ol mirasyň ýoly – dowamat.
Gülbahar SALAKOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.
PDF








