«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary ruhubelentlikde baýram edildi.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda asyrlara barabar beýik işler durmuşa geçirildi. Täze jemgyýetiň binýady tutulyp, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, abadan ýaşaýşyny berkarar etmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyryldy. Bu bedew batly ösüşlere türkmen ýaşlary hem mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren okuw sapagynda beren öwüt-ündewleridir sargytlary bagtyýar ýaşlarymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Garaşsyzlyk ýurdumyzyň ýaş nesliniň röwşen geljeginiň ygtybarly binýadyna öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolan şol arzyly güýz paslynyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy döredildi. Garaşsyzlygyň saýasynda kemala gelen ýaşlar bu günki gün halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly, halal zähmet çekip, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.
Bagtyýar ýaşlarymyzyň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri ýurdumyzda işjeň durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň aýdyň netijesidir. 2021-nji ýylda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň we şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi bagtyýar ýaşlaryň durmuşyna aýratyn mazmun bagyşlady, olaryň durmuş derejesini gowulandyrmak babatda amala aşyrylýan işleri has-da ilerletdi. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem munuň aýdyň delilidir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý bolup kemala gelmegi, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sanly tehnologiýalardan baş çykarmagy, döwrebap bilim almagy babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bu ugurda kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini görkezýär. Şeýle hem ýaşlar syýasaty çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda hem ägirt uly işler durmuşa geçirildi. 2023-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň parahatçylyk taglymatynyň, ýaşlar syýasaty babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly tagallalaryň bütin dünýäde dabaralanýandygyny alamatlandyrdy. Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny işjeň durmuşa geçirmegiň çäginde ylym-bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk we ynsanperwerlik ugurlarynda dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen bähbitli hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar.
Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen, sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri. Arkadag şäheri ýaşlaryň bilim-döredijilik başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Şu ýylyň 29-njy awgustynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän gurluşyk işleri bilen tanşyp, onda ýaşlaryň pikirlerine aýratyn ähmiýet bermegiň wajypdygy hakynda nygtamagy bagtyýar ýaşlarda uly hoşallyk duýgusyny döretdi.
Güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap çagalar baglarydyr ak mekdepler, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan ýokary okuw mekdepleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän sport desgalarydyr mekdeplerde tälim alýan ýaş türgenler halkara sport ýaryşlarynda, çempionatlarda ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrýarlar. «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň döredilmegi, ýaşlaryň arasynda yzygiderli yglan edilýän döredijilik bäsleşikleri, öňdebaryjy ýaşlara döwlet baýraklarynyňdyr sylaglarynyň gowşurylmagy hem ýaşlar üçin döredilýän giň gerimli şertleriň aýdyň güwäsidir.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Watanymyzyň şanly taryhyna, milli köklerimize, beýik şahsyýetlerimiziň gazananlaryna göz ýetirýän hem-de olardan netije çykarmagy başarýan ýaşlar biziň buýsanjymyzdyr» diýip, belleýşi ýaly, türkmen ýaşlary milli ýörelgelerimize ygrarlylyk ruhunda terbiýelenýär, olar ylmyň soňky gazananlaryny, ösen tehnologiýalary ezberlik bilen özleşdirýärler. Munuň üçin ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza alkyşlarynyň çägi ýok.
Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.
PDF








