Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň baýdagy

Baý­dak ýur­duň mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny gör­kez­ýän döw­let ny­şan­la­ry­nyň bi­ri­dir. Haý­sy­dyr bir döwletiň baý­da­gyny gö­re­niň­de, şol ýurt ba­ra­da­ky aý­ra­tyn­lyk­lar we mil­li­lik­ler göz öňüň­de jan­lan­ýar. Esa­san hem, hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ryn­da döw­let baý­dak­la­ry­nyň gör­ke­zi­li­şi has ýörgünlidir. Baý­dak­la­ryň kö­pü­si bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­ýan hem bol­sa, kä­bi­ri meň­zeş­li­gi taý­dan saý­gar­mak­da kyn­çy­lyk dö­red­ýär. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da dün­ýä döw­let­le­rin­dä­ki meň­zeş baý­dak­lar ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry si­ziň dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.
Çad – Ru­my­ni­ýa. Dün­ýä döw­let­le­riniň baý­dak­la­rynyň hiç bi­ri-de bu iki­si ýa­ly bi­ri-bi­ri­ne meň­ze­me­ýär. Bu baý­dak­la­ryň be­ze­gi we ulu­ly­gy bir­meň­zeş bo­lup, di­ňe ýa­kyn­dan syn­la­mak ar­ka­ly gök, sa­ry we gy­zyl dik zo­lak­la­ryň ara­syn­da­ky kö­le­ge­li ta­pa­wu­dy saý­ga­ryp bol­ýar. Ru­my­ni­ýa­nyň baý­da­gy dik gök, sa­ry we gy­zyl zo­lak­la­ra esas­la­ny­lyp 1861-nji ýyl­da dö­re­dil­ýär. Asyl be­ze­gin­de ýa­şyl dik zo­la­gy bo­lan Ça­dyň baý­da­gy gök zo­lak bi­len çal­şy­ry­lyp, 1959-njy ýyl­da par­lap baş­la­ýar.
In­do­ne­zi­ýa – Mo­na­ko. Gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa döw­le­ti bi­len Gü­nor­ta Ýew­ro­pa döw­le­ti­niň baý­dak­la­ry ke­se­le­ýin gy­zyl we ak zo­lak­dan yba­rat bo­lup, In­do­ne­zi­ýa­nyň baý­da­gy uzyn­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Pol­şa­nyň baý­da­gy hem bu döw­let­le­riň baý­da­gy­na meň­zeş bo­lup, ak we gy­zyl zo­lak­la­ryň ýe­ri­niň çal­şy­ryl­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Ir­lan­di­ýa – Kot-d’Iwuar. Bu iki döw­le­tiň baý­da­gy par­lap du­ran wag­ty saý­gar­mak­da kyn­çy­lyk dö­ret­se-de, ada­ty ýag­daý­da ýa­şyl, ak we na­rynç zo­lak­la­ryň ýer­le­şi­şi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ir­lan­di­ýa­nyň baý­da­gyn­da zo­lak­la­ryň ter­ti­bi ýa­şyl, ak we na­rynç gör­nüş­de bo­lup, Kot-d’Iwua­ryň baý­da­gyn­da bu reňkli zo­lak­lar ter­si­ne ýer­leş­ýär.
Tä­ze Ze­lan­di­ýa – Awst­ra­li­ýa. Iň­lis dilli döw­let­le­r bo­lan Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň we Awst­ra­li­ýa­nyň baý­dak­la­ry köp ba­bat­da meň­zeş bol­sa-da, ýyl­dyz­la­ry­nyň ýer­le­şi­şi hem-de sa­ny bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Awst­ra­li­ýa­nyň baý­da­gyn­da bäş sa­ny ýe­di burç­ly ak ýyl­dyz, Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň baý­da­gyn­da dört sa­ny bäş burç­ly gy­zyl-ak ýyl­dyz bar. Şeý­le hem Awst­ra­li­ýa­nyň baý­da­gyn­da umu­my ar­ka­la­şy­gy aň­lad­ýan has uly al­tyn­jy ýyl­dyz hem bar.
Lýuk­sem­burg – Ni­der­land­lar. Gün­ba­tar Ýew­ro­pa döw­let­le­ri bo­lan «goň­şu­la­ryň» baý­dak­la­ry bi­ri-bi­ri­ne ga­ty meň­zeş bo­lup, ke­se­le­ýin gy­zyl, ak we gök zo­lak­lar ýer­leş­ýär. Ýö­ne bu döw­let­le­riň baý­dak­la­ryn­da­ky zo­lak­lar reň­ki­niň go­ýu­ly­gy we açyk­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Se­ne­gal – Ma­li. Reňk­le­rin­de bi­raz kö­le­ge ta­pa­wu­dy bar di­ýäý­me­seň, bu iki döw­le­tiň baý­dak­la­ry ýa­şyl, sa­ry we gy­zyl dik zo­lak­la­ry bi­le paý­laş­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da, Gü­nbatar Af­ri­ka döw­le­ti bo­lan Se­ne­ga­lyň baý­da­gy mer­ke­zin­dä­ki ýa­şyl ýyl­dy­zy bi­len Ma­li­niň baý­da­gyn­dan ta­pa­wut­lan­ýar.
Nor­we­gi­ýa – Is­lan­di­ýa. De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa ýurt­la­ry bo­lan Nor­we­gi­ýa we Is­lan­di­ýa­nyň baý­dak­la­ry be­zeg ba­ba­tyn­da meň­zeş bo­lup, bi­ri­niň ýer­li­gi gy­zyl, beý­le­ki­si­niň­ki gök, bi­rin­de gök haç hem-de beý­le­ki­sin­de gy­zyl haç şe­kil­len­di­ri­lip­dir. Da­ni­ýa­nyň baý­da­gy hem ýer­li­gi gy­zyl, ak haç­ly şe­ki­li bi­len bu ýurt­la­ryň baý­da­gy­na meň­ze­ýär.

Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli baýdagy

 

 

 

 

 

 

Italýan Respublikasynyň milli baýdagy

Mek­si­ka – Ita­li­ýa. Saý­gar­mak­da köp­lenç kyn­çy­lyk dö­red­ýän baý­dak­la­ryň bi­ri bo­lan Mek­si­ka bi­len Ita­li­ýa­nyň baý­da­gy dik­li­gi­ne ýa­şyl, ak we gy­zyl zo­lak­lar­dan yba­rat bo­lup, Mek­si­ka­nyň baý­da­gy mer­ke­zin­dä­ki ger­bi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Mun­dan baş­ga-da, Mek­si­ka­nyň baý­da­gy Ita­li­ýa­nyň baý­da­gyn­dan has uzyndygy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

Lih­tenş­teýn – Gai­ti. Ýew­ro­pa­nyň ki­çi­jik döw­le­ti bo­lan Lih­tenş­teýn bi­len La­tyn Ame­ri­ka­sy ýur­dy Gai­ti­niň ke­se­le­ýin gök we gy­zyl zo­lak­dan dü­zü­len baý­dak­la­ry il­ki­baş­da bi­ri-bi­ri­ne ju­da meň­zeş bo­lup­dyr. 1936-njy ýyl­da Ber­lin­de ge­çi­ri­len to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na il­kin­ji ge­zek gat­na­şan Lih­tenş­teýn baý­da­gy­nyň Gai­ti­niň baý­da­gy bi­len meň­zeş­di­gi­ni gör­ýär. Hat­da şol Olim­pia­da­da emin ag­za­la­ryn­da hem-de jan­kö­ýer­ler­de bu iki baý­da­gy ta­pa­wut­lan­dyr­mak­da kyn­çy­lyk­lar ýü­ze çyk­ýar. Ne­ti­je­de Lih­tenş­teýn Gai­ti­den ta­pa­wut­lan­mak üçin 1937-nji ýyl­da döw­let baý­da­gy­nda tä­jiň şe­ki­li­ni ýer­leş­dir­ýär. Gai­ti hem soň­lu­gy bi­len baý­da­gy­nyň mer­ke­zin­de ga­raş­syz­ly­gy ala­mat­lan­dyr­ýan pal­ma­ly ger­bi­niň şe­ki­li­ni gi­riz­ýär.
We­ne­sue­la – Ek­wa­dor – Ko­lum­bi­ýa. Ke­se­le­ýin sa­ry, gök we gy­zyl zo­lak­la­ry bo­lan bu ýurt­la­ryň baý­dak­la­ry üç reň­kiň bö­lü­ni­şi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ko­lum­bi­ýa bi­len Ek­wa­do­ryň baý­da­gyn­da­ky sa­ry zo­lak has in­li bo­lup, We­ne­sue­la­nyň baý­da­gyn­da­ky zo­lak­lar deň bö­lü­nip­dir. Mun­dan baş­ga-da, We­ne­sue­la­nyň baý­da­gy­nyň mer­ke­zin­de ýaý şe­ki­lin­de ýyl­dyz­lar hem-de ýo­kar­ky bur­çun­da gerb bar. Ek­wa­do­ryň baý­da­gy­nyň mer­ke­zin­de hem ýur­duň ger­bi şe­kil­len­di­ri­lip­dir.
Slo­we­ni­ýa – Rus­si­ýa – Slo­wa­ki­ýa. Ke­se­li­gi­ne ak, gök we gy­zyl zo­lak­la­ry bo­lan bu ýurt­la­ryň baý­dak­la­ry reňk ba­bat­da meň­zeş bo­lup, Rus­si­ýa­nyň baý­da­gy has uzyndygy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Mun­dan baş­ga-da, Slo­wa­ki­ýa­nyň we Slo­we­ni­ýa­nyň baý­dak­la­ryn­da mil­li gerb­le­ri ýer­leş­di­ri­lip­dir. Bu döw­let­le­riň baý­dak­la­ryn­da­ky zo­lak­la­ryň ter­si­ne – gy­zyl, gök we ak gör­nü­şin­de ýer­leş­di­ri­len Hor­wa­ti­ýa­nyň we Ser­bi­ýa­nyň baý­dak­la­ry hem bar.
Bang­la­deş – Ýa­po­ni­ýa. Iki Azi­ýa döw­le­ti­niň hem baý­da­gy­nyň mer­ke­zin­de uly gy­zyl no­kat bo­lup, Bang­la­de­şiň baý­da­gyn­da­ky bu ala­mat ýurt ga­raş­syz­ly­gy­ny, Ýa­po­ni­ýa­nyň baý­da­gyn­da­ky bol­sa, «Gün ül­ke­si» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar. Bu ýurt­la­ryň baý­dak­la­ry reň­ki bi­len ta­pa­wut­la­nyp, Bang­la­de­şiň baý­da­gy ýa­şyl, Ýa­po­ni­ýa­nyň baý­da­gy bol­sa ak­dyr.