Ýurdumyzda ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bilim edaralarynda ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek işine aýratyn üns berilýär. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy usullary bilim işine giňden ornaşdyryldy. Okuwçylar we talyplar halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 1040 medal gazandylar.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ähli bilim edaralarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly dabaraly nyzamlar, ilkinji okuw sapaklary geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna noutbuk kompýuterleri sowgat berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, şeýle hem Ahal we Lebap welaýatlarynda täze bilim edaralarynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi baýramçylyk çäreleriniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Hasabat döwründe ylmy barlaglaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna gönükdirilen işler dowam etdirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň alymlaryna professor, dosent, uly ylmy işgär alymlyk atlary dakyldy.

2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäreler toplumy geçirildi.

Şeýle hem bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 554 medal gazandylar.

Bu barada 2-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow hasabat berdi.