2-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaýa, Awstriýa, Russiýa Federasiýasyna, Beýik Britaniýa, Eýrana, Owganystana hem-de Niderlandlar Patyşalygyna saparlary guraldy.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Gazagystana, Azerbaýjana, Gruziýa, Gyrgyzystana hem-de Koreýa Respublikasyna saparlary amala aşyrdy.

Dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirildi.

Mundan başga-da, hasabat döwründe BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş sekretary, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary ýurdumyzda saparda boldular.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklar hem-de çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda paýtagtymyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

608 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 608 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlarda 1011 wekiliýet saparda boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 355-si geçirildi. Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde 1682 resmi gepleşikler we duşuşyklar guraldy.

Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek hem esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Ýylyň başyndan bäri 187 halkara resminamalar baglaşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Awstriýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Seýşeller Respublikasynyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Ýaponiýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň daşary işler ministrleri we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Şunuň bilen birlikde, 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Hindistanyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýanyň, Zimbabweniň, Azerbaýjanyň, Ugandanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Kamboja Patyşalygynyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, Täze Zelandiýanyň, Indoneziýanyň, Ýaponiýanyň we Bangladeşiň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy.

Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary işler ministriniň BMG-niň Baş sekretary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary hem-de Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikleri geçirildi.

Diplomatik gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklaryny ösdürmek we olary has-da kämilleşdirmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Çad Respublikasynyň, Indoneziýanyň, Italiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentinanyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Finlýandiýanyň, Keniýanyň, Alžiriň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen ilçileriniň we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň ynanç hatlaryny gowşurandyklary bellenildi.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky, Irlandiýadaky, Maldiwler Respublikasyndaky ilçileri, şeýle hem BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary yzygiderli berkitmegiň, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine ýylyň ahyryna çenli geçiriljek halkara çärelere, halkara maslahatlara hem-de Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.