Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen “Hytaý Açyk Masters” tennis ýaryşynda Nowak Jokowiç ýeňiji boldy. 39 ýaşyndaky serbiýaly tennisçi finalda awstraliýaly Aleks de Minor bilen duşuşdy. 1-nji setde 7:6 hasabynda üstün çykan Jokowiç 2-nji setde garşydaşynyň şikesi sebäpli duşuşykdan çekilmeginden soň çempionlygyny baýram etdi. Ol “Hytaý Açykda” 7-nji gezek çempion bolup, taryhy başarnyk görkezdi. Jokowiç “Hytaý Açyga” gatnaşan ýyllarynyň ählisinde çempion bolup, ol bu ýerde ýeke oýunda hem ýeňilmedi. Ýagny “Hytaý Açyk” ýaryşynda geçiren 34 duşuşygynda-da garşydaşlaryny ýeňip, “Açyk” döwrüň rekordyny goýdy. Ondan öň Rafael Nadal “Fransiýa Açykda” yzly-yzyna 31 duşuşykda ýeňiş gazanypdy.

Jokowiç “Hytaý Açyk” tennis ýaryşynda 2009-njy, 2010-njy, 2012-nji, 2013-nji, 2014-nji, 2015-nji hem-de 2026-njy ýyllarda çempionlyga ýetdi. Jokowiç karýerasy boýunça 102-nji ATP Kubogyny gazanyp, 109 kubokly Jimmi Konnors hem-de 103 kubokly Rojer Federerden soň 3-nji ýerde barýar. Ol 21 ýylyň dowamynda her ýyl azyndan 1 kubok gazanan 3-nji tennisçi boldy (Rod Lawer, Ken Rouzwoll). Ol 73-nji gezek gaty zeminde çempionlyk gazanyp, soňky 49 ýylda ATP ýaryşlarynda çempion bolan iň ýaşuly tennisçi hökmünde hasaba alyndy.
PDF








