Her ýy­lyň 8-nji okt­ýab­ryn­da Bü­tin­dün­ýä os­mi­nog gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Ýer ýü­zün­dä­ki iň tä­sin jan­dar­la­ryň bi­ri bo­lan os­mi­nog um­man­lar­da 300 mil­li­on ýyl­dan gow­rak wagt­ bä­ri ýa­şa­ýar. Os­mi­nog özü­niň daş­ky gör­nü­şi bi­len köp­le­ri haý­ra­na goý­ýar. Se­bä­bi dün­ýä­de os­mi­noga meň­zeş baş­ga jan­ly-jan­dar ga­bat gel­me­ýär.
Su­was­ty dün­ýä­niň iň çy­dam­ly ýa­şaý­jy­sy ha­sap­lan­ýan os­mi­nog çe­ýe be­den gur­lu­şy­na eýe­dir. De­ňiz­ler­de ýa­şa­ýan bu se­kiz aýak­ly jan­da­ryň üç ýü­re­gi­niň bol­ma­gy hem­me­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Ýö­ri­te gan aý­la­nyş ul­ga­my bo­lan os­mi­nog oňur­ga­syz­lar to­pa­ry­na de­giş­li­dir. Os­mi­nog­lar su­wuň aşa­gyn­da dem al­ýan­dy­gy se­bäp­li ýü­rek­le­ri­niň her­si bir işi (kis­lo­ro­dy öz­leş­dir­mek, kis­lo­ro­dy iç­ki be­den ag­za­la­ry­na çalt paý­la­mak we gan aý­la­ny­şy­ny üp­jün et­mek) ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Alym­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bu jan­da­ryň ga­ny gök reňk­de bol­ýar.
Ul­la­kan göz­li bu jan­da­ryň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­ly­gy­nyň ýe­ne bi­ri-de do­kuz sa­ny beý­ni­si­niň bol­ma­gy­dyr. Bi­ri mer­ke­zi beý­ni bo­lup, se­ki­zi­si aýak­la­ry­nyň ujun­da ýer­leş­ýär. Bu jan­dar hem edil ha­me­le­on ýa­ly 30 mil­li­se­kun­dyň için­de de­ri­si­niň reň­ki­ni we gur­lu­şy­ny üýt­ge­dip bil­ýär. Os­mi­nog­lar bi­yn­ja­lyk bo­lan­da öz aýak­la­ry­ny iýip bil­ýär. Di­ňe duz­ly suw­da ýa­şap bil­ýän os­mi­nog moll­ýus­ka­lar, leň­ňeç şe­kil­li­ler we ki­çi­jik os­mi­nog­lar bi­len iý­mit­len­ýär. Kö­pel­ýän möw­sü­min­de 400 mü­ňe çen­li ýu­murt­ga goý­ýan bu jan­dar­lar 5 ýy­la çen­li ýa­şa­ýar.
Dün­ýä­dä­ki iň akyl­ly jan­dar­la­ryň bi­ri bo­lan os­mi­nog­lar süňk gur­lu­şy­nyň we go­rag ga­by­gy­nyň ýok­du­gy se­bäp­li, da­ra­jyk ýer­den ge­çip ýa-da ag­zy ga­pak­ly ga­by açyp, ga­çyp bil­ýär. Re­zin ýa­ly süý­nüp du­ran os­mi­nogyň beý­ni­sin­de we aýak­la­ryn­da 500 mil­li­on neý­ron bar. Os­mi­no­gyň kä­bir gör­nü­şi ýal­pak suw­da ýa­şa­ýan bol­sa, kö­pü­si um­ma­nyň 4 ki­lo­metr­den gow­rak çuň­lu­gyn­da duş gel­ýär. Se­kiz aýak­ly jan­dar gys­ga ara­ly­ga sa­gat­da 40 ki­lo­metr tiz­lik­de ýü­züp bil­ýär. Hä­zir­ki wagt­a çen­li ha­sa­ba al­nan iň uly os­mi­no­gyň ag­ra­my 70 ki­log­ra­ma ba­ra­bar.
Bü­tin­dün­ýä os­mi­nog gü­ni my­na­sy­bet­li köp san­ly haý­wa­nat bag­la­ryn­da, suw se­ýil­gäh­le­rin­de we de­ňiz go­rag­ha­na­la­ryn­da bu jan­dar ba­ra­da mag­lu­mat­lar ber­lip, gy­zyk­ly çä­re­ler gu­ral­ýar. Os­mi­noglar ba­ra­da BBC-niň «Ýer­de ýa­şa­ýan öz­ge beý­ni­ler» (The Alien Brains Living on Earth) at­ly ma­ka­lasynda, şeý­le hem Ro­land An­der­son we beý­le­ki­ler ta­ra­pyn­dan ýa­zy­lan «Os­mi­nog: um­man­la­ryň akyl­ly oňur­ga­syz jan­da­ry» (Octo­pus: The Ocean’s In­tel­li­gent Inver­teb­ra­te), Ket­rin Har­mon Ku­ra­žyň «Os­mi­nog!: De­ňiz­dä­ki iň syr­ly jan­dar» (Octo­pus!: The Most Mys­te­rious Crea­tu­re in the Sea), Keý­ren Woll­suň «Ýum­şak ägirt os­mi­nog» (Gent­le Giant Octo­pus), Pat­ri­si­ýa Lau­be­riň «Os­mi­nog haý­ran gal­dy­ry­jy jan­dar» (An Octo­pus Is Ama­zing) at­ly ki­tap­la­rynda jikme-jik gürrüň berilýär.