Wa­si­liý Şuk­şin, rus ýa­zy­jy­sy.

(He­ka­ýa)

Gün­ler ak ata­şyň ço­gu­na gyz­ýar­dy. Top­rak gor ýa­ly­dy, bag­la­ram şeý­le­di. Gu­rap ga­lan ot­lar aýak as­tyn­da şygyr­daş­ýar­dy. Howa di­ňe ag­şam­la­ry­na sal­kyn­la­ýar. Şol wagt hem jo­şup ak­ýan Ka­tu­ni der­ýa­sy­nyň ke­na­ry­na bir go­ja çyk­ýar. Ol he­mi­şe şol bir ýer­de – ýa­ry su­wa ba­typ du­ran aga­jyň üs­tün­de otu­ryp, Gü­ne se­red­ýär­di. Dag­la­ryň aňyr­syn­da giz­len­ýän Gün ikin­di çag­la­ry ju­da äpet bo­lup, al öwüs­ýär­di. Go­ja goz­gan­man otyr­dy. Dy­zy­nyň üs­tü­ne go­ýan gu­rak­sy el­le­ri Gü­ne ýan­mak­dan ýa­ňa goň­ra­lyp­dy, ga­syn­lar ony has-da eý­menç göz­kez­ýär­di. Gojanyň ýü­zem ýy­gyrt­dan do­lu­dy, öçüg­si göz­le­ri bol­sa çyg­ja­ryp dur­dy. Boý­ny in­çe­di, saçlary ap-akdy. Gök çit köý­ne­gi­niň as­tyn­dan keb­ze­si som­a­lyp çy­kyp dur­dy.
Go­ja bir gün gol gow­şu­ryp otyr­ka, ar­ka ta­rap­dan bir ses eşit­di:
– Sa­lam, atam!
Go­ja baş at­dy.
Eli ýu­ka­jyk çe­me­dan­ly gyz onuň ýa­nyn­da otur­dy.
– Dynç al­ýa­ňyz­my?
Go­ja ýe­ne-de baş at­dy. So­ňam:
– Dynç al­ýan – diý­di.
Em­ma gyz ta­ra­pa ga­ba­gy­nam gal­dyr­ma­dy.
– Si­zi çek­sem bor­my? – di­ýip gyz so­ra­dy.
Go­ja bu sö­ze dü­şün­män:
– Nä­dip? – di­ýip, so­ra­dy.
– Si­ziň su­ra­ty­ňy­zy çe­käý­sem diý­ýän.
Go­ja bi­raz dym­dy. Kir­pik­siz gy­zy­lym­tyl ga­ba­gy­ny gyr­pyl­da­dyp Gü­ne se­ret­di. Ol:
– Men­de görk-gör­mek gal­ma­dy ahy­ry – diý­di.
– Nä­me üçin? – di­ýip, gyz bi­raz al­jy­ra­dy. – Siz gör­me­geý ahy­ry, atam.
– Üs­te­si­ne-de syr­kaw diý­se­ne.
Gyz go­jany uzak wagt synla­dy. Soň­ra onuň gu­rak­sy goň­rum­tyl eli­ni ýum­şa­jyk aýa­sy­na alyp sy­pa­la­dy-da:
– Siz ju­da gör­me­geý, atam. Bu ha­ky­kat­da­nam şeý­le.
Go­ja ys­gyn­syz gü­lüm­si­re­di:
– Onuň ýa­ly bol­sa çe­käý.
Gyz çe­me­da­ny­ny aç­dy.
Go­ja aýa­sy­ny ag­zy­na tu­tup üs­gür­di. Ol:
– Şä­her­den ge­len­siň, şeý­le­mi? – di­ýip so­ra­dy.
– Şä­her­den.
– Diý­mek, mu­nuň üçin tö­le­ýän­dir­ler?
– As­lyn­da-ha, her wagt bir­hi­li. Oňat edip çek­sem, tö­lär­ler.
– Yh­las et­mek ge­rek.
– Men elim­den ge­le­ni­ni ede­rin.
Dym­dy­lar.
Go­ja he­ni­zem Gü­ne se­re­dip otyr­dy.
Gyz onuň ýü­zü­ne ke­se­den syn edip su­rat çek­ýär­di.
– Siz şu ýer­li­mi, atam?
– Şu ýer­li.
– Şu ýer­de hem do­gul­dy­ňyz­my?
– Şu ýer­de, gy­zym, şu ýer­de.
– Hä­zir siz nä­çe ýa­şy­ňyz­da?
– Ýa­şym­my? Seg­sen.
– Oho!
– Köp – di­ýip, go­ja yla­laş­dy, ýö­ne ýe­ne-de gü­lüm­si­re­di. – A seň­ki?
– Ýig­ri­mi bäş.
Ýe­ne dym­dy­lar.
– Gü­ne se­ret, nä­hi­li aja­ýyp! – di­ýip, go­ja ýu­waş­ja ses­len­di.
– Nä­hi­li? – di­ýip, gyz dü­şün­me­di.
– Uly.
– A-a… Ha­wa. As­lyn­da, bu ýer­ler diý­seň owa­dan.
– O su­wa se­ret, gör nä­hi­li… o ke­na­ryň­ky hem…
– Ha­wa, ha­wa.
– Gö­ýä reňk go­şu­lan ýa­ly.
– Ho­wa – di­ýip, gyz beý­le­ki ke­na­ra se­ret­di-de ýe­ne-de – Ho­wa – diý­di.
Gün Al­ta­ýyň ger­şi­ne gal­ta­şan­soň, as­sa-as­sa­dan alys­da­ky gök gi­ňiş­li­ge si­ňip ug­ra­dy. Ol çuň­lu­ga siň­di­gi­çe, dag­lar has aýyl-sa­ýyl gö­rün­di. Olar ýe­rin­den süýş­ýän ýa­ly­dy­lar. Der­ýa bi­len dag ara­lyk­da­ky jül­ge­de al reňk­li ala­ga­raň­ky­lyk öçüg­si­len­ýär­di. Dag­lar­dan ag­ras­dan ýa­kym­ly sa­ýa ýa­kyn­laş­dy. Soň­ra Gün Bu­bur­ha­nyň ýi­ti ör­kü­ji­niň aňyr­syn­da göz­den ýit­di. Şoba­da hem sol­gun şöh­le­ler peý­da bo­lup, olar ma­wy as­ma­nyň ýü­zün­de ýel­pe­waç şe­ki­li­ni eme­le ge­tir­di­ler. Bu pur­sat uzak sak­lan­man, duý­dan­syz zym-zy­ýat bol­dy. As­ma­nyň aň­ry ýü­zün­de bol­sa şa­pak gy­za­ryp baş­la­dy.
– Gü­nem bat­dy – di­ýip, go­ja ulu­dan dem al­dy.
Gyz ka­gyz sa­hy­pa­la­ry­ny ýa­şi­ge ýer­leş­dir­ýär­di.
Bi­raz wagt gol gow­şu­ryp otur­dy­lar – ki­çi­jik tol­kun­la­ryň gys­san­maç ke­na­ra ge­lip urşu­ny syn­la­dy­lar.
Jül­gä top­bak-top­bak go­ýy ümür süý­şüp gel­ýär­di. Uzak bol­ma­dyk ýer­dä­ki to­kaý­da gi­je­le­ri­ne uç­ýan haý­sy­dyr bir guş duý­dan­syz za­ryn jür­kül­de­di. Oňa aňyr­ky ke­nar­dan uly go­wur bi­len ses­len­di­ler.
– Bol­ýa – di­ýip, go­ja pes­saý­ja ses­len­di.
Gyz bol­sa alys­da­ky mäh­ri­ban şä­he­re do­la­nyp ba­ran ma­ha­ly kän su­rat elt­jek­di­gi ha­kyn­da oý­lan­dy. Ola­ryň ara­syn­da şu go­ja­nyň hem port­re­ti bo­lar.
Ze­hin­li, ha­ky­ky su­rat­keş dos­ty oňa, el­bet­de, ige­ner: «Ýe­ne ýy­gyrt bar!.. Nä­me üçin? Si­bir­de ýo­wuz ho­wa şert­le­ri­niň bar­dy­gy hem­me­le­re mä­lim ha­ky­kat. Adam­lar ol ýer­de kän iş­le­ýär­ler. A soň nä­me? Nä­me?..»
Gyz özü­niň en­tek gö­ge­le­di­gi­ni bil­ýär­di. Ýö­ne bu go­ja­nyň nä­hi­li agyr gün­le­ri baş­dan ge­çi­ren­di­gi ha­kyn­da oý­lan­ýar­dy. «Onuň el­le­ri­ne se­ret… Ýe­ne-de ýy­gyrt­lar! «Iş­le­mek, iş­le­mek, iş­le­mek ge­rek…».
– Atam, siz er­ti­rem şu ýe­re gel­ýä­ňiz­mi? – di­ýip, gyz go­ja­dan so­ra­dy.
Ol: – Ge­le­rin – di­ýip ses­len­di.
Gyz ýe­rin­den tu­rup oba ýö­nel­di. Bi­raz otu­ran­soň go­ja hem gaýt­mak bi­len bol­dy.
Go­ja öýü­ne ge­lip öz kün­jün­de, pe­jiň gap­da­lyn­da­ky ýer­de or­naş­dy. Og­lu­nyň iş­den ge­le­ri­ne, bi­le­lik­de ag­şam­lyk edi­nmegi­ne ga­raş­dy. Ogly öýe mydama ýadaw, keýpsiz gelerdi. Gelni hem hemişe bir zatdan närazy ýaly görünýärdi. Ag­tyk­la­ry ýe­ti­şen­soň şä­he­re git­di­ler. Olar­syz öý tu­kat­lyk­dy. Üý­şüp ag­şam­lyk edin­di­ler.
Go­ja süý­de çö­rek dog­rap ber­di­ler. Ol sto­luň gy­ra­syn­da otu­ryp, çö­rek dog­ra­lan süý­di çem­çe­läp iç­di. Çem­çä­ni şa­kyr­dat­maz­lyk üçin süýt­li ga­ba elini se­re­sap­ly­lyk bi­len uzad­ýar­dy. Hem­me­ler dym­ýar­dy­lar.
Soň­ra ýat­ma­ga baş­la­dy­lar. Go­ja pe­jiň üs­tü­ne çyk­dy, og­ly bi­len gel­ni bol­sa iç­ki ja­ýa git­di­ler. Dy­myş­lyk. Nä­me hak­da gür­rüň et­jek? Hem­me söz­ler bi­reý­ýäm aý­dy­lan.
Ýe­ne bir gün go­ja bi­len gyz ikin­di çag­la­ry ke­nar­da­ky ýa­ry der­ýa ba­typ du­ran agaç bö­le­gi­niň üs­tün­de otyr­dy­lar. Gyz gys­san­maç­lyk bi­len su­rat çek­ýär­di, go­ja bol­sa Gü­ne se­re­dip gür­rüň ber­ýär­di:
– Nä­şü­kür bo­lar ýa­ly däl, biz my­da­ma go­wy ýa­şa­ýar­dyk. Men agaç us­sa­sy­dym, iş my­da­ma ta­py­lyp dur­ýar­dy. Ogul­la­ry­mam agaç us­sa­la­ry. Ola­ryň dör­dü­si­ni elim­den uruş al­dy. Iki­si sag-sa­la­mat gal­dy. Ola­ryň bi­ri, ýag­ny Ste­pan bi­len bir ýer­de ýa­şa­ýa­rys. Wan­ka bol­sa şä­her­de – Biýs­k­de ýa­şa­ýar. Tä­ze jaý­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da pro­rab bo­lup iş­le­ýär. Hat ýaz­ýar: hiç ne­neň däl, go­wy ýa­şa­ýa­rys diý­ýär. Bu ýe­re myh­man­çy­ly­ga gel­ýär­ler. Ag­tyk­la­rym kän, öz­le­rem me­ni go­wy gör­ýär­ler. In­di hem­me­si şä­he­re siň­di…
Gyz go­ja­nyň eli­niň su­ra­ty­ny çek­ýär­di, gys­san­ýar­dy, da­ryk­ýar­dy, çe­ken­le­ri­ni tiz-tiz­den poz­ýar­dy. Gyz ge­piň ger­di­şi­ne gö­rä so­rag ber­di:
– Ýa­şa­mak kyn­dy­my?
– Nä­me üçin kyn­dy? – di­ýip, go­ja ge­ňir­gen­di. – Aý­dyp oty­ry­n-a sa­ňa go­wy ýa­şa­ýar­dyk di­ýip.
– Ogul­la­ry­ňa neb­siň agyr­ýar­my?
Go­ja ýe­ne ge­ňir­gen­di:
– Da­gy nä­me? Dört og­lu­ňy ýitir­mek aň­sat zat däl?
Gyz dü­şün­me­ýär­di: bir­den-ä go­ja haý­py gel­ýär­di, bir­de­nem onuň tä­sin ra­hat­ly­gy­na we asu­da­ly­gy­na geň gal­ýar­dy. Gün ýe­ne-de dag­la­ryň aňyr­syn­da giz­len­di. Şöh­le­ler pes­saý­ja lo­wur­daş­ýar­dy­lar.
Go­ja:
– Er­tir bu­lut­ly ho­wa bo­lar – diý­di.
Gyz asu­da as­ma­na ga­rap:
– Nä­me üçin? – diý­di.
– En­dam-ja­nym so­ka sal­nan ýa­ly.
– As­man diý­seň tä­miz.
Go­ja jo­gap ber­me­di.
– Atam, siz er­tir ge­ler­si­ňiz­mi?
– Bil­me­dim – di­ýen go­ja bir­ba­da ses­len­me­di. – Bil­me­dim we­lin en­dam-ja­nym kül-ow­ram bo­lup agyr­ýar.
– Atam, siz­de şu daş nä­hi­li at­lan­dy­ryl­ýar? – Gyz ör­me­si­niň jü­bü­sin­den al­tyn öw­süp du­ran ak reňk­li daş­ja­ga­zy çy­kar­dy.
Go­ja:
– Haýsy? – di­ýip, so­ra­dy-da da­ga se­ret­me­gi­ni do­wam et­di.
Gyz da­şy oňa uzat­dy. Go­ja gy­z ta­ra­pa öw­rül­me­dem. Ol aýa­sy­ny da­şa go­ýup:
– Şu daş­my? – di­ýip so­ra­dy-da, ça­la­ja na­za­ry­ny aý­lap, ony gu­rak­sy we bü­kü­len bar­mak­la­ry bi­len eý­le­si­ne-beý­le­si­ne öwür­di.
– Çak­mak da­şy bu. Uruş ýyl­la­ry otluçöp ta­pyl­ma­sa, on­dan ot al­ýar­dy­lar.
Şu pur­sat gy­zyň göw­nü­ne gü­man git­di: bir­de­nem on­da go­ja ba­tyl­dyr di­ýen pi­kir dö­re­di.
Gyz bir­ba­da aýt­ma­ga söz tap­ma­dy. Go­ja­ny ke­se­sin­den syn­lap dym­dy otur­dy. Ol bol­sa uzak­la­ra – Gü­nüň bat­ýan ýe­ri­ne se­re­dýärdi. Yn­ja­lyk­ly, oýa ba­typ se­red­ýär­di.
Gyz bir­ba­da nä­me hak­da gür­rüň et­je­gi­ni bil­män, dym­dy, gar­ra gap­da­lyn­dan se­re­dip du­ru­ber­di. Ol bol­sa Gü­nüň ýaş­ýan ta­ra­py­na se­red­ýär­di. Ol asu­da we oý­la­ny­şyk­ly se­red­ýär­di.
– Al… daş­ja­ga­zy – di­ýip özem gy­za da­şy uzat­dy.
– Onuň baş­ga gör­nüş­le­ri hem bar. Tu­tuş­ly­gy­na ak reňk­li lo­wur­dap du­ran­la­ry, içi bol­sa nä­hi­li­dir bir teg­mil­jik­li daş­la­ram bol­ýar. Ýu­murt­ga­dan ta­pa­wut­lan­dy­ryp bol­ma­ýan­la­ry-da, gar­ga­nyň ýu­murt­ga­sy ýa­ly me­nek­li­je­le­ri-de, ga­ra­sa­ryň ýu­murt­ga­sy dek gök­je, özem ala-mu­la­ja daş­la­ram ga­bat ge­läý­ýär.
Gyz he­ni­zem go­ja se­re­dip otyr­dy. Onuň ba­tyl­dy­gy­ny so­ra­ma­ga bol­sa milt edip bil­me­ýär­di.
– Atam, siz ni­re­de ýa­şa­ýar­sy­ňyz?
– Şu ýer­de, ga­ty uzak­da däl.
Go­ja ke­nar­da­ky ja­ýy gör­ke­zip:
– Bu Iwan Ko­lo­kolni­ko­wyň öýi, on­dan aňyr­da Be­da­rew­ler, soň­ra Wo­lo­ki­tin­ler, soň­ra Zi­now­ýew­ler, on­dan aňyr­da­ky öw­rüm­de hem bi­ziň­ki. Eger bir zat ge­rek bol­sa ba­ry­ber. Ag­tyk­la­rym bar­ka, öýü­miz ala­ýaz bol­ýar­dy – diýdi.
– Sag bol.
– Men ýö­re­dim. En­dam-ja­nym kül-ow­ram bo­lup bar­ýar.
Go­ja ýe­rin­den tu­rup, ýo­da­jyk bi­len ýo­ka­ry ga­lyp ug­ra­dy.
Gyz ol tä öw­rüm­den öw­rül­ýän­çä yzyn­dan ga­rap dur­dy. Go­ja büd­re­me­dem, hiç ýer­de kürt­dür­me­dem.
Ol ha­ýal­ja ýö­räp, aýa­gy­nyň aşa­gy­na se­re­dip git­di. «Ýok, ol ba­tyl däl, ýö­ne göz­le­ri çöň­ňe­lip­dir» di­ýip, gyz öz ýa­nyn­dan pi­kir öwür­di.
Er­te­si gün go­ja ke­na­ra gel­me­di. Gyz ýe­ke özi otu­ryp, go­ja ha­kyn­da oý­lan­dy.
Onuň dur­mu­şyn­da nä­hi­li­dir bir şeý­le sa­da, şeý­le ada­ty, şol bir wagt­da-da aň­sat bol­ma­dyk, şeý­le bir uly, mö­hüm wa­ka bo­lan bol­ma­ly. «Gü­nem şol do­gup, ýa­şyp dur» di­ýip gyz oý­lan­dy. Ol çeken su­rat­la­ry­ny üns be­rip syn­la­dy. Özi bol­sa ga­ma bat­dy.
Go­ja üçün­ji gü­nem, dör­dün­ji gü­nem gel­me­di.
Gyz onuň öýü­ni göz­läp baş­la­dy. Tap­dy.
De­mir üçek­li, bäş­di­war­ly uly ta­myň ha­ýa­ty­nyň çüň­kün­däki bas­syr­ma­nyň aşa­gyn­da el­li ýaş­la­ryn­da­ky uzyn boý­ly er­kek ki­şi durdy. Ol us­sa­nyň iş sto­lu­nyň üs­tün­de sos­na tag­ta­sy­ny ti­mar­laýar­dy. Gyz:
– Sa­lam – diý­di.
Er­kek ki­şi di­ke­lip gy­za se­ret­di, ba­şam bar­ma­gy bi­len der­ji­gen maň­la­ýy­ny el­läp, baş at­dy:
– Aman­lyk­my?
– Aýt­sa­ňyz­laň, go­ja ki­şi şu ýer­de ýa­şa­ýar­­my?…
Er­kek ki­şi oňa geň gal­mak­dan ýa­ňa di­kan­lap se­ret­di. Gyz dym­dy.
– Ýa­şa­dy – di­ýip er­kek ki­şi jo­gap ber­di. – Ine, oňa ta­byt ýa­sa­ýa­ryn.
Gyz ça­la­ja py­şyr­da­dy:
– Ol ýo­gal­dy­my, şeý­le­mi?
– Ka­za­sy dol­dy. – Er­kek ki­şi ýe­ne-de tag­ta egil­di, ýon­gu­jy­ny taý­ly ge­zek şar­kyl­dat­dy-da, gy­za so­wal ber­di: – O sa­ňa nä­mä ge­rek­di?
– Şeý­le… men onuň su­ra­ty­ny çek­ýär­dim.
– Hää – di­ýip, er­kek ki­şi ýon­gu­jy­ny bat­ly iş­le­dip baş­la­dy.
Ara dü­şen dy­myş­lyk­dan soň­ra gyz:
– Aýt­sa­ňyz­laň, ol ba­tyl­dy­my? – di­ýip so­ra­dy.
– Ba­tyl­dy.
– Köp­den bä­ri­mi?
– On ýyl da­gy bo­lan­dyr? Ýeri nä­me?
– Aý, ýö­ne so­raý­dym…
Gyz howludan çy­kyp ýo­la düş­di, kö­çe­de örme aýmança ýap­lan­dy-da ag­lap baş­la­dy. Onuň go­ja haý­py gel­ýär­di. Has be­te­rem onuň suratyny tamamlap ýetişmändigine gynanýardy. Ýö­ne ol häzir yn­san öm­rü­niň we eder­men­li­gi­niň has çuň­ňur ma­ny­sy­nyň hem-de sy­ry­nyň bardygyny duý­ýar­dy. Şonuň üçinem özi-de bilmezden öň­kü­sin­den has ula­lyp­dy.

Rus di­lin­den ter­ji­me eden
Ho­ja­ber­di Ap­ba­ýew.