Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gündogaryň beýik lukman alymy Abu Aly Ibn Sinanyň çagalygyna bagyşlanan «Hüseýn» atly täze taryhy çeper filmiň döredijilik topary bilen duşuşdy. “Uza.uz” neşiriniň habar bermegine görä, özbek lideri «Özbekfilm» kinostudiýasyna baryp, filmi surata düşürmek üçin taýýarlanan taryhy şäher diwarlaryny we bazar meýdançalaryny, alymyň ýaşan döwrüniň egin-eşikleridir beýleki gymmatlyklary synlady.

Filmde ýaş Hüseýn ibn Aldullanyň lukmançylyga gyzyklanmasy, öz halypalaryna wepalylygy hem-de ynsanperwerligi barada gürrüň berilýär.
Mirziýoýew kinoçylar bilen söhbetdeşligiň barşynda ýurduň taryhyna, beýik şahsyýetleriň ömür ýoluna bagyşlanan filmleri döretmäge döwletiň geljekde-de uly goldaw berjekdigini nygtady. Şeýle filmler ösüp gelýän ýaş nesilleri watanperwerlik, baý milli taryha we beýik alymlaryň mirasyna çuňňur hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär diýip, Mirziýoýew nygtady.
«Hüseýin» atly täze film Abu Aly ibn Sinanyň doglan gününiň 1050 ýyllygyna hem-de baý ylmy mirasyny wagyz etmäge bagyşlanandyr.
PDF








