Täjigistanyň Nosir Husraw adyndaky Bohtar döwlet uniwersitetinde «Täjikçe geýinýäris!» atly çäre geçirildi. Ýeri gelende bellesek, milli egin-eşik halkyň medeniýetiniň sütünleriniň biri hem-de geçmişiň mirasy bolup durýar. Taryh täjik zenanynyň hemişe halkyň mukaddes däp-dessurlarynyň goragçysy bolandygyny görkezýär. Galyberse-de, dünýäniň dürli halklarynyň medeniýetiniň we durmuşynyň esasy nyşanlarynyň biri-de olaryň milli eşikleridir diýlip, uniwersitetiniň ýaýradan habarnamasyna salgylanýan “khovar.tj” agentligi habar berdi.
Bohtar uniwersitetinde geçirilen dabara milli däp-dessurlara hormat goýmak, talyplarda watançylygy hem-de milli ruhy ösdürmek, şeýle hem zenanlaryňdyr gyzlaryň gözellik duýgusyny ýokarlandyrmak maksady bilen guraldy.
PDF








