Ýewropa Merkezi Bankynyň (ÝMB) başlygy Kristin Lagard bellenen möhletinden 9 aý öň, ýagny geljek ýylyň 7-nji fewralynda öz wezipesinden meýletin çekiler. ÝMB-niň ýolbaşçysy bu karar barada Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antoniu Koşta hem-da Bankyň Dolandyryjylar geňeşine resmi taýdan habar berdi.
«Neue Zürcher Zeitung» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, Kristin Lagard Şweýsariýanyň Dawos şäherinde geçirilýän Bütindünýä ykdysady forumynyň (BYF) täze ýolbaşçysy wezipesine esasy dalaşgärleriň biri hökmünde görkezilýär. Neşiriň habar bermegine görä, täze ýolbaşçyny saýlamak üçin guramanyň müdiriýetiniň mejlisi 2-nji noýabrda geçiriler.
Halkara maliýe guramasynyň ýolbaşçylygyndaky bu üýtgeşme Bütindünýä ykdysady forumynyň köpýyllyk başlygy Klaus Şwabyň wezipesinden gitmegi bilen baglydyr. Meýilnama laýyklykda, 2027-nji ýylyň ýanwar aýyndaky däp bolan Dawos forumyna wagtlaýynça ýolbaşçylyk etjek Larri Fink we Andre Hoffmann öz ygtyýarlyklaryny tapgyrlaýyn esasda täze saýlanjak ýolbaşça doly tabşyrarlar.
Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygynyň möhletinden öň wezipesinden çekilmegi sebäpli, Ýewropa Bileleşiginiň şertnamalarynda bellenilen resmi kadalara we düzgünnamalara laýyklykda, ÝMB-niň täze başlygyny saýlamak hem-de bellemek işleri Ýewropa Geňeşi tarapyndan amala aşyrylar.