«National Geographic» neşiriniň hünärmenleri tarapyndan geçirilen seljermeleriň netijesinde, Günbatar Norwegiýanyň Westlann sebiti 2027-nji ýylda syýahat etmek üçin dünýä boýunça iň özüne çekiji ugur diýlip saýlandy. Dünýä boýunça jemi 25 sany syýahatçylyk meýdançasyny öz içine alýan abraýly reýtingde birinji orny eýelän bu sebit, özüniň täsin tebigy gözellikleri we fýordlary bilen tapawutlanýar. Şeýle hem neşiriň geçiren «Okyjylaryň saýlawy» baýragyna ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Katalina adasy mynasyp boldy.

Günorta-günbatar Norwegiýada ýerleşýän Westlann okrugynyň landşaftlary, hünärmenler tarapyndan skandinaw miflerini ýatladýan uçut gaýalary, mawy suwly aýlaglary we şaglawuklary bilen ýokary baha berildi. Syýahatçylara sebitiň tebigy täsinliklerinden lezzet almak üçin Hardanger aýlagyna, Folgefonna milli parkyna, 700 metr beýiklikde ýerleşýän meşhur «Trol dili» gaýasyna hem-de uzynlygy 16 kilometrden gowrak bolan Nereý aýlagyna baryp görmek maslahat berilýär.

Sebitiň ykdysady we medeni merkezi bolan Bergen şäheri ýedi sany dag bilen gurşalan bolup, taryhy taýdan deňiz söwda ýollarynyň hem-de kakadylan treska söwdasynyň esasy merkezi hökmünde bellidir. Häzirki wagtda şäheriň Bryggen orta asyr çägi özüniň daş düşelen köçeleri, agaçdan salnan dürli reňkli öýleri we täsin binagärlik gurluşy bilen syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär.

«National Geographic» neşiriniň hödürlän 25 sany iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň hataryna Norwegiýanyň Westlann sebitinden başga-da, Malaýziýanyň Penang, Müsüriniň Luksor, Ýaponiýanyň Niigata, Hytaýyň Çendu, Hindistanyň Jaýpur, Braziliýanyň Salwador, Ispaniýanyň Santander, Fransiýanyň Normandiýa, Awstraliýanyň Melburn, Germaniýanyň Leýpsig hem-de Polşanyň Gdansk, Gdynýa we Sopot ýaly dünýäniň dürli künjeklerindäki meşhur ýerleri girizildi.