Fransiýada emeli aň bilen hyzmadaşlykda ýazylan edebi eserleriň awtorlaryny höweslendirmek maksady bilen, «Prix Pascal de Littérature IA» atly täze edebiýat baýragy döredildi. Bu baýragyň döredilmegi häzirki wagtda Fransiýanyň abraýly edebiýat bäsleşiklerinde emeli aňyň ulanylmagy boýunça dowam edýän giň seslenmeli çekişmeleriň hem-de gyzgalaňly jedelleriň alnyp barylýan döwrüne gabat geldi.
Bu baradaky jedelleriň we seslenmeleriň esasy sebäpleriniň biri hem gaitili ýazyjy Telison Orelýeniň işi bilen bagly boldy. Awtoryň «Ýa-ha şeýle, ýa-da ölmeli» («C’étaient ça ou mourir») atly romanyny döretmekde emeli aňy ulanandygy barada gümanlar öňe sürülipdi. Ýazyjynyň kanadaly neşirçisi hem kitabyň taýýarlanyşynda neýroulgamlaryň peýdalanylandygyny tassyklady hem-de ýazyjy bilen hyzmatdaşlygyny bes etjekdigini bildirdi. Ýöne Orelýeniň özi bu aýyplamalary berk ret etmek bilen, emeli aň gurallaryny diňe bir taryhy maglumatlar bilen işlemekde ulanandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, Fransiýanyň kanunçylygy hem edebi eserleri döretmekde emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy gadagan etmeýär.
«Prix Pascal» baýragynyň guramaçylary awtorlara algoritmik ulgamlaryň özlerine nähili kömek edendigini aç-açan beýan etmegi teklip edýärler. Bäsleşige gatnaşyjylar öz golýazmalary bilen bir hatarda, tehniki maglumatlar toplumyny hem gowşurmaly bolarlar. Şunda ýazyjylara “ChatGPT”, “Claude”, “Gemini” we “LlaMA” ýaly häzirki zaman esasy dil modelleriniň ählisini peýdalanmaga doly rugsat berilýär.
Baýragy esaslandyryjylar bu başlangyjyň adam bilen maşynyň bilelikdäki iş şertlerinde häzirki zaman edebi eserine nämäniň degişlidigini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrülmelidigini belleýärler. Bäsleşige raýatlygyna we ýaşaýan ýerine garamazdan, fransuz dilinde ýazýan ähli awtorlar gatnaşyp bilerler. Şeýle hem gatnaşyjylar üçin neşirýat bilen öňünden baglaşylan şertnamanyň bolmagy hökmany talap edilmeýär.
Guramaçylar bäş adamdan ybarat bolan eminler toparynyň düzümini oktýabr aýynyň ahyryna çenli yglan etmegi, 2026-njy ýylyň laureatyny bolsa dekabr aýynyň ortalarynda mälim etmegi meýilleşdirýärler. Baýragyň pul görnüşindäki sylagy göz öňünde tutulmadyk hem bolsa, ýeňiji bolan awtora kitabyny neşir etdirmekde degişli ýardamlar berler. Ýatladyp geçsek, bu edebiýat baýragyna beýik fransuz matematigi we filosofy Blez Paskalyň ady dakyldy.
PDF








