Her bir döw­le­tiň öz­baş­dak­ly­gy­ny, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny we mil­li aý­ra­tyn­ly­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan mu­kad­des gym­mat­lyk­la­ry bol­ýar. Mil­li pul hem ýur­duň yk­dy­sa­dy özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­nyň ny­şa­ny­dyr. Türk­men hal­ky üçin ma­nat di­ňe bir ha­sap­la­şyk se­riş­de­si bol­man, eý­sem, Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň mi­we­si, döw­let­li­li­gi­mi­ziň buý­sanç­ly be­ýa­ny, hal­ky­my­zyň dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­niň we röw­şen gel­je­ge bo­lan yna­my­nyň ala­ma­ty­dyr. Türk­me­nis­tan döw­let Garaşsyzlygyny ga­za­nan­dan soň­ra mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni öz­baş­dak ös­dür­me­giň, ma­li­ýe ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­me­giň we dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­na iş­jeň go­şu­lyş­ma­gyň ýo­lu­na düş­di. Bu ugur­da ama­la aşy­ry­lan iň mö­hüm ta­ry­hy ädim­le­riň bi­ri hem mil­li pul bir­li­gi­mi­ziň – ma­na­dyň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi bol­dy.
1993-nji ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­da türk­men ma­na­dy­nyň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­dy. Bu şan­ly wa­ka Türk­me­nis­ta­nyň öz­baş­dak pul-karz sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ma­gy­na, mil­li ma­li­ýe ul­ga­my­nyň bin­ýa­dy­ny ber­kit­me­gi­ne we yk­dy­sa­dy ga­raş­syz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­di.
2026-njy ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­da mil­li ma­na­dyň do­la­ny­şy­ga gi­ri­zil­me­gi­ne 33 ýyl dol­ýar. Bu se­ne di­ňe bir ma­li­ýe ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri däl, eý­sem, ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty üçin hem ta­ry­hy äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Mil­li pul bir­li­gi­mi­ziň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti onuň yk­dy­sa­dy we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi bi­len çäk­len­män, hal­ky­my­zyň baý ta­ry­hy­ny, me­de­ni mi­ra­sy­ny, döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni we mil­li buý­san­jy­ny özün­de jem­le­ýär. Türkmen manadynda şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zyň be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­niň keşp­le­ri­niň, bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň we mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň şe­kil­len­di­ril­me­gi ma­na­dyň ru­hy-me­de­ni äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­ýar. Bu aý­ra­tyn­lyk­lar geç­miş bi­len şu gü­nüň, mil­li mi­ras bi­len döw­re­bap ösü­şiň öz­bo­luş­ly saz­la­şy­gy­ny eme­le ge­tir­ýär.
Mil­li ma­na­dy­myz hal­ky­my­zyň zäh­me­ti­niň, mad­dy we ru­hy baý­lyk­la­ry­nyň gym­ma­ty­ny aň­lad­ýan yk­dy­sa­dy öl­çeg­dir. Ol gün­de­lik dur­mu­şy­my­zyň, söw­da gat­na­şyk­la­ry­nyň, önüm­çi­li­giň we hyz­mat­lar ul­ga­my­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­dir. Şo­nuň üçin hem mil­li pul bir­li­gi­mi­ze hor­mat goý­mak, onuň ga­dyr-gym­ma­ty­na dü­şün­mek, ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­ly we mak­sa­da­la­ýyk peý­da­lan­mak her bi­ri­mi­ziň yk­dy­sa­dy me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm gör­ke­zi­ji­si­dir.
Ma­na­dyň ga­dyr-gym­ma­ty, il­kin­ji no­bat­da, ha­lal zäh­met bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Daý­ha­nyň ýe­tiş­dir­ýän ha­sy­ly, iş­çi­niň ön­dür­ýän önü­mi, mu­gal­ly­myň ber­ýän bi­li­mi, luk­ma­nyň ed­ýän hyz­ma­ty, te­le­ke­çi­niň dö­red­ýän tä­ze iş orun­la­ry – bu­la­ryň äh­li­si ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň ke­ma­la gel­me­gi­ne go­şant goş­ýar. Mil­li pul bir­li­gi­miz bol­sa şol zäh­me­tiň yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­lar­da­ky öl­çe­gi­ne öw­rül­ýär.
Şeý­le­lik­de, ma­nat di­ňe bir söw­da-sa­tuw­da ula­nyl­ýan se­riş­de däl, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy dur­mu­şy­ny bir­leş­dir­ýän mö­hüm gu­ral­dyr. Her bir maş­ga­la­nyň gir­de­ji­si, her bir kär­ha­na­nyň işi, her bir tä­ze önüm­çi­lik baş­lan­gy­jy mil­li pul ul­ga­my­nyň üs­ti bi­len yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ra go­şul­ýar.
Ýaş ne­sil­de ha­lal ga­zanç et­mek we ma­li­ýe so­wat­ly­ly­gy ýa­ly hä­si­ýet­le­ri ter­bi­ýe­le­mek hem aý­ra­tyn mö­hüm­dir. Çün­ki yk­dy­sa­dy taý­dan so­wat­ly, zäh­met­sö­ýer we jo­gap­kär­çi­lik­li ýaş­lar ýur­du­my­zyň gel­jek­ki ösü­şi­niň yg­ty­bar­ly da­ýan­jy­dyr.

Ogulbagt GULOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallym-öwrenijisi.