Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz döwletimiz ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, senagatlaşmagy ilerletmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulag-logistika mümkinçiliklerini giňeltmek we oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap desgalar, täze önümçilik kuwwatlyklary, halkara ulag geçelgeleri, bilim we medeniýet merkezleri halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işleriň aýdyň netijeleridir.
Ýurtlaryň, sebitleriň, welaýatlaryň, etraplaryň arasyndaky gatnaşyklar bazar ykdysadyýetiniň esasyny emele getirýär. Şol sebäpli ýurtlaryň arasynda ulag ýollaryny peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barylýar we şu esasda hemmetaraplaýyn gatnaşyklar amala aşyrylýar. Bu gatnaşyklary we döwletimiziň öz içindäki dolanyşygy alyp barmakda, önümçiligi rejeli ýerleşdirmek üçin ulag serişdeleriniň ähmiýeti uludyr. Dünýäde ulag ýollarynyň köpugurlylygy, hili we tizligi esasy görkezijileriň biri bolmak bilen, halkara ykdysady gatnaşyklarda aýgytly orun eýeleýär. Dünýä tejribesine ser salsak, geografik taýdan amatly ýerleşen ýurtlarda we sebitlerde ösen ulag toplumy üstaşyr ýüklerden goşmaça girdeji almaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz ýakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Awtomobil ýollary ministrligine umumy uzynlygy 546 kilometr bolan Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak, onuň ugrunda umumy uzynlygy 812 metr bolan awtomobil köprüsiniň taslamasyny düzmek we ony gurmak, köprüleri döwrebaplaşdyrmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Bilişimiz ýaly, Ahal, Mary hem-de Lebap welaýatlaryny ýurdumyzyň paýtagty bilen birleşdirýän Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ulanmaga berildi. Bu ýollar ýolagçylaryň we ýükleriň örän gysga wagtda gatnadylmagyny üpjün edip, Diýarymyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrdy.
Ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde barha rowaçlanýan ulag-logistika ulgamy möhüm we geljegi uly bolan ugur bolmak bilen, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we ýurdumyzyň okgunly ösüşleriniň ygtybarly binýadyna öwrülýär.
Goý, ýurdumyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Amantäç Annagulyýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň müdiri.
PDF






