Günorta Afrikaly ýazyjy Koral Hart soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly 371 sany kitaby neşir edip, 1 million dollardan gowrak girdeji gazandy. Ýerli EWN radioýaýlymynyň berýän habaryna görä, awtoryň eserleri eýýäm bir milliondan gowrak nusgada satyldy we olaryň biri «Amazon» halkara söwda platformasynyň iň geçginli 100 eseriňhataryna girdi.
Edebiýat hem-de neşirýat işinde 14 ýyllyk tejribesi bolan awtor 2025-nji ýylyň fewral aýyndan bäri täze tehnologiýalary özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly göwrümli romanlary generirlemäge ukyply bolan hususy ulgamy işläp düzdi. Hartyň aýtmagyna görä, ol sýužeti, stili, gahrymanlaryň häsiýetnamasyny hem-de bölümleriň meýilnamasyny özbaşdak kesgitläninden soň, täze romanyň tekstini döretmek üçin neýroulgamlara bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolýar.
Döredilen ilkinji garalama mazmun taýdan düzetmek we beýan etmedäki üzňelikleri aradan aýyrmak maksady bilen emeli aň arkaly gaýtadan işlenilýär hem-de jemleýji tapgyrda awtoryň özi tarapyndan redaktirlenýär. Awtor tarapyndan döredilen söýgi romanlary bazaryň talaplaryna doly layyklykda sanly, çap we audio görnüşlerinde köpçülige hödürlenýär.
Häzirki wagtda Koral Hart emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan awtorlar üçin niýetlenen «Authorythm» diýlip atlandyrylan täze programma üpjünçiligini işe girizmäge taýýarlyk görýär. Awtor özüni täjirçilik edebiýatynda sanly tehnologiýalara esaslanýan täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde häsiýetlendirýär.