Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçilik ulgamyndaky tikinçilik kärhanalarynyň hünärmenleri egin-eşikleriň konstruksiýasyny işläp düzmek boýunça başarnyklaryny kämilleşdirmegi dowam etdirýärler.
26-30-njy oktýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň tikinçilik senagatynyň hünärmenleri, atelýeleriň işgärleri hem-de dizaýnerleri üçin zenanlaryň penjeklerini we bleýzerlerini işläp düzmek boýunça bäş günlük amaly okuw geçirildi. Bu çäre Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa» taslamasynyň çäklerinde Halkara söwda merkezi (HSM) tarapyndan pudak üçin guralýan okuw maksatnamalarynyň üçünji tapgyry boldy.
20-den gowrak hünärmeni bir ýere jemlän maksatnama ölçeg almagyň usullaryny, hasaplamalary we binýatlyk biçimleri düzmegi öwrenmekden başlandy. Soňra gatnaşyjylar ýeňleriň, ýakalaryň, lapelleriň we jübüleriň gurluşyny düzmegiň aýratynlyklaryna seretdiler. Taýýar önümiň göwnejaý oturyşy we birkemsiz daşky görnüşine gönüden-göni täsir edýän hasaplamalaryň takyklygyna we jikme-jilkleriň dogry gabat getirilip birleşdirilmegine aýratyn üns berildi.

Indiki sapaklarda diňleýjiler dürli matalar bilen işlemegi, penjekleri taýýarlamagyň häzirki zaman çemeleşmelerini, şol sanda meşhur «owersaýz» görnüşlerini, şeýle hem binýatlyk gurluşyny egin-eşigiň dürli stillerine laýyklykda üýtgetmegiň usullaryny özleşdirdiler. Jemleýji günde hünärmenler alan bilimlerini iş ýüzünde berkitdiler: biçimleri düzmek we bedeniň aýratynlyklaryny hem-de müşderileriň isleglerini göz öňünde tutup, penjekleriň nusga-maketlerini taýýarlamak boýunça aýratyn tabşyryklary ýerine ýetirdiler.
Bu okuw HSM-niň Türkmenistanyň dokma we tikinçilik pudaklaryny ösdürmek hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça alyp barýan ulgamlaýyn işleriniň dowamyna öwrüldi. Şeýle okuw başlangyçlary ýerli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, öndürilýän önümleriň hilini gowulandyrmaga we ýerli öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
«Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy» taslamasy barada
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän taslama işewürlik gurşawyny gowulandyrmak we kiçi hem-de orta kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistanda ykdysady ösüşe we mynasyp zähmeti üpjün etmäge ýardam bermegi maksat edinýär. Taslama Türkmenistanyň sebitleýin we ählumumy söwda, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen söwda gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagyna ýardam eder.
PDF








