Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da dünýäniň öňdebaryjy derbileriniň biri hasaplanýan “Milan” derbisinde “Milan” öz meýdançasynda “Interden” 3-1 hasabynda üstün çykdy. Gollaryň ählisi-de 1-nji ýarymda geçirilip, “Milanyň” gollaryny 4-nji minutda Pulişiç, 10-njy minutda Rabio hem-de 43-nji minutda jerime urgusyndan 1-2-nji gollaryň asistini eden Moreýra geçirdi. Şu möwsümde çempionatda ilkinji gezek utulan “Interiň” ýeke-täk pökgüsini 22-nji minutda Bastoni öz adyna ýazdyrdy. “Milan” soňky 8 derbide “Interi” 6-njy gezek ýeňip, beýleki 2-sinde-de deňme-deň oýnapdy.

“Interiň” ýeňilmeginden soň “Kaliarini” garşydaşynyň öňe geçendigine garamazdan, Isakseniň hem-de Pinamontiniň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňen “Lasio” 1-nji orna beýgeldi. Gattuzonyň tälimçiligindäki topar 10-njy oýnunda 9-njy ýeňşini gazanyp, ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirýär. Çekeleşikli geçen oýunda ýeňlişsiz gelýän “Roma” myhmançylykda “Udinezeni” Kristanteniň, Moranyň, Maleniň, Ndikanyň hem-de Gilardiniň gollary 5-2 hasabynda utdy. Tapgyryň ýene bir ünsi çeken duşuşygynda “Ýuwentus” öz meýdançasynda “Napolini” kabul edip, soňky 20 minutda Alaýbegowiçiň hem-de Boganyň geçiren gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Napolide” 75-nji minutda Mariýanuççi 2-nji sary kartyny alyp, meýdançadan çykaryldy. “Komonyň” “Wenesiýany” Da Kunýanyň penaltiden geçiren ýeke-täk goly bilen ýeňen tapgyrynda möwsümiň sýurpriz topary “Frosinone” öz meýdançasynda “Torinodan” 2-0 hasabynda üstün çykdy.

Bolonýa – Monza: 2-1 (Pobega 33, Bernardeski 59 p – Warela 6 p),

Udineze – Roma: 2-5 (Zaniolo 50, Palma 78 – Kristante 10, Mora 31, Malen 33, Ndika 37, Gilardi 90+2),

Milan – Inter: 3-1 (Pulişiç 4, Rabio 10, Moreýra 43 – Bastoni 22),

Komo – Wenesiýa: 1-0 (Da Kunýa 43 p),

Lasio – Kaliari: 2-1 (Isaksen 36, Pinamonti 83 – Nzola 20),

Frosinone – Torino: 2-0 (Gedžemis 43, Kalo 90+3),

Leççe – Jenoa: 1-2 (Maleh 40 – Osmaiç 11, Messias 28),

Ýuwentus – Napoli: 2-0 (Alaýbegowiç 70, Boga 87),

Sassuolo – Fiorentina, Atalanta – Parma