Formula 1 boýunça möwsümiň 19-njy ýaryşy Meksika “Gran Prisinde” ýylyň çempiony belli boldy. Ýurduň paýtagtyndaky Hermanos Rodrigesiň adyny göterýän awtodromda geçirilen ýaryşda “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Ol 71 aýlawy 2 sagat 20 minut 28,772 sekunt tamamlap, möwsümdäki 3-nji, karýerasyndaky 74-nji ýeňşini baýram etdi.

73 ýyldan soň italiýaly sürüji ýeňiji boldy

Ýaryşda ýeňijiden sähelçe, ýagny 0,799 sekunt soň pellehana gelen “Ferrari” toparynyň britan sürüjisi Lýuwis Hamilton 2-nji orny eýeledi. Werstappenden 4,006 sekunt yza galan “Mercedes” toparynyň italýan sürüjisi, sanawyň lideri Kimi Antonelli 3-nji orna mynasyp boldy. Bu üçinjilik ýaş sürüjiniň çempionlygy üçin ýeterlik bolup, ol möwsümiň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda, çempionlygyny yglan etdi. Şunlukda, Andrea Kimi Antonelli 20 ýaş 68 gün bilen F1-iň taryhyndaky iň ýaş çempion sürüji bolmagy başardy. Ol bu ugurda germaniýaly Sebastian Wetteliň rekordyny täzeledi (23 ýaş 134 gün, 2010-njy ýylda). Antonelli F1-iň taryhynda çempionlyk gazanan umumylykda 36-njy hem-de 3-nji italiýaly sürüji bolmagy başardy. Soňky gezek 73 ýyl öň F1-de italýan sürüjisi çempionlyk gazanypdy. Kimi Antonelliden ozal, Alberto Askari (1952, 1953) hem-de Juseppe Farina (1950) F1-de çempion bolan italiýaly sürüjiler bolupdy.

F1-de 6 ýyldan soň “Mercedes” toparynyň sürüjisi ýeňiji bolup, bu toparyň 10-njy çempionlygydyr. “Mercedes” topary ilkinji 2 çempionlygyny 1954-nji we 1955-nji ýyllarda gazanypdy. 60 ýyllyk arakesmeden soň, topar 2014-2020-nji ýyllar aralygynda yzly-yzyna 7 gezek (6-sy Hamiltona, beýlekisi-de Niko Rosberge degişli) çempionlyk gazanmagy başardy.

Meksika “Gran Prisinde” monakoly Şarl Lekler (“Ferrari”) 4-nji, britaniýaly Lando Norris (“McLaren”) 5-nji, başga bir britaniýaly, çempionyň topardaşy Jorj Rassell (“Mercedes”) 6-njy orny eýeledi.

19-njy ýaryşdan soň Kimi Antonelli utugyny 380-e ýetirdi. 2-nji ýere beýgelen Werstappeniň 261 utugy bar. 3-nji basgançakdaky Hamilton 259 utuk toplady.

Möwsümiň 20-nji ýaryşy 8-nji noýabrda Braziliýanyň Sao-Paulu şäherindäki Interlagos awtodromynda geçiriler.