29-30-njy oktýabr aralygynda Gazagystanyň Atyrau şäherinde Gazagystan Respublikasynyň halk artisti Azidolla Ýeskaliýewiň hatyrasyna bagyşlanyp, dombrada we üç tarly halk saz gurallarynda çalýan sazandalaryň arasynda «Altyn dombra» atly VII halkara bäsleşigi geçirildi. Halk saz gurallarynda çalýan sazandalaryň arasynda geçirilen bu halkara bäsleşigine Gazagystanyň, Özbegistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň sazandalary gatnaşdylar.
«Altyn dombra» atly VII halkara bäsleşigine ýurdumyzdan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Murad Aşirow hem-de bu konserwatoriýanyň Halk sazy fakultetiniň Türkmen sazy hünäriniň 5-nji ýyl talyby Kerim Nyýazow gatnaşyp üstünlikli çykyş etdiler.
Halkara bäsleşiginiň Gran-pri baýragyna, 1-nji we 2-nji orunlaryna Gazagystan Respublikasynyň sazandalary mynasyp boldular. Şonuň ýaly hem halkara bäsleşiginiň 3-nji ornuna Gazagystan Respublikasynyň Atyrau şäheriniň sazçylyk kolležiniň talyby A.Omiržan, Gazagystanyň Kurmangazy adyndaky milli konserwatoriýasynyň wekili A.Jorabekow hem-de ýurdumyzdan gatnaşan M.Aşirow mynasyp boldular.
Çeşme: medeniyet.gov.tm
PDF








