Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Türkmenistanda milli pedagogik pikiriň döreýiş we ösüş taryhy» (biologiýa ylymlarynyň doktory, dosent S.K.Durdyýewiň umumy redaksiýasy bilen) atly köp jiltli neşiriň birinji tomy çapdan çykdy. Türkmenistanyň mukaddes döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýunna bagyşlanan bu neşir Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Milli bilim instituty, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi tarapyndan taýýarlandy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan okuw gollanmasy hökmünde hödürlenilýän bu uly göwrümli kitapda iň gadymy döwürden başlap XVI asyra çenli aralykdaky döwürde Türkmenistanda pedagogik pikiriň kemala gelmeginiň, mekdepleriň döreýşiniň we ösüşiniň, çagalary terbiýelemegiň we okatmagyň taryhy baradaky gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Şol maglumatlar dürli çeşmelere – taryhy-medeni ýadygärliklere, ýazuw çeşmelerine, arheologik tapyndylara, halk döredijiliginiň eserlerini, arhiw materiallaryna, türkmen halkynyň taryhyna we medeniýetine, nesil terbiýesinde toplan baý etnopedagogik materiallara degişli beýleki köp sanly anyk delillere esaslanýar.
Okuw gollanmasy Türkmenistanda pedagogik pikiriň döreýiş we ösüş taryhy bilen meşgullanýan ylmy işgärlere, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň, umumybilim edaralarynyň pedagoglaryna, aspirantlara, mugallymçylyk ugurly okuw mekdepleriniň talyplaryna, şeýle hem ýurdumyzda türkmen halkynyň baý etnopedagogik mirasy hem-de ýaş nesli terbiýelemegiň we okatmagyň wajyp meseleleri bilen gyzyklanýanlara niýetlenen.
Söhbeti edilýän bu okuw gollanmasynyň mazmuny girişden, iki bapdan, on bir bölümden we otuz bölümçeden, jemlemeden, peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan durýar.
Çeşme: education.gov.tm
PDF








