UEFA Çempionlar Ligasynda 4-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berlip, ilkinji agşamda 26 gol hasaba alyndy.

Soňky çempion PSŽ-ni bu möwsümde duruzmak mümkin däl. Öňki ýyllara garanyňda, liga tapgyrynda juda şowly oýun görkezýän parižliler myhmançylykda “Wilýarrealyň” derwezesinden jogapsyz 6 top girizdi. Gollaryň 4-si 1-nji ýarymyň 17-nji minutynda, 8 minutda geçirildi. Bu görkeziji ýaryşyň taryhynda rekord bolup, ýagny PSŽ iň çalt 4 gol geçiren topar boldy. Şol gollary 9-njy minutda Žoao Neweş, 12-nji minutda Desire Due, 13-nji minutda Maýulu hem-de 17-nji minutda Fabian Ruiz öz atlaryna ýazdyrdylar. Ondan soň oýnuň depginini az-owlak gowşadan PSŽ toparyň 2-nji ýarymda ýene 2 pökgini geçirdi. Ol gollary 50-nji minutda Fabian Ruiz bilen 78-nji minutda Boli derwezä girizdi.

Norwegiýada “Bude-Glimt” bilen “Lill” toparlarynyň arasyndaky oýunda hasap açylmady. “Bude-Glimt” utugyny 4-e çykarsa, “Lill” ilkinji utugyny gazandy.

Londonda “Şahtýor Donesk” bilen “Sportingiň” arasyndaky oýunda ýeňijini ýeke-täk gol kesgitledi. Çekeleşilikli geçen duşuşykda “Sporting” 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Utugyny 9-a çykaran “Sportinge” ýeňiş getiren goly 59-njy minutda Issa Dumbiýa öz adyna ýazdyrdy.