«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergi we maslahat ikitaraplaýyn duşuşyklara baý boldy.

Halkara forumyň çäklerinde ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň we daşary döwletleriň iri kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen «ZHA Architects Limited» kompaniýasynyň (Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy) arasynda şähergurluşyk we binagärlik ulgamynda innowasion tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen FALTEC jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň (Gazagystan Respublikasy) arasynda seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşygyň tehnologiýalaryny hem-de gurluşyk obýektleriniň monitoringine degişli ulgamlary bilelikde ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen «Leica Geosystems AG» kompaniýasynyň (Şweýsariýa Konfederasiýasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «VEM Sachsenwerk GmbH» kompaniýasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «NTS Service GmbH» kompaniýasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Refratechnik Cement GmbH» kompaniýasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Grenzebach BSH GmbH» kompaniýasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Sany International Development Limited» kompaniýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «TBEA Shenyang Transformer Group Co., LTD» kompaniýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Bitdeer Supply Chain SDN. BHD.» kompaniýasynyň (Malaýziýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi bilen «Betamont s.r.o» kompaniýasynyň (Slowakiýa Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi bilen «Leica Geosystems AG» kompaniýasynyň (Şweýsariýa Konfederasiýasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Topsoe A/S» kompaniýasynyň (Daniýa Patyşalygy) arasynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodynyň hem-de «Garabogazkarbamid» zawodynyň ygtybarlygyny gazanmak maksady bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Samsung E&A Co., LTD» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek ugrundaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.