4-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG Habitat) sebitara geňeşçisi Katýa Şeferiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG Habitat bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda şäherleriň we ilatly nokatlaryň durnukly ösüşi, şähergurluşyk syýasatyny kämilleşdirmek hem-de çäkleri meýilleşdirmegiň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem söhbetdeşler Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG Habitatyň arasynda baglaşylan Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň amaly meselelerine garadylar. Gepleşikleriň gün tertibinde 2027–2031-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlamak bilen bagly meseleler, şol sanda geljekki döwür üçin özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek aýratyn orun eýeledi.
Bellenilişi ýaly, bu işler 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda BMG-niň Gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu Gün tertibi açyk, howpsuz, durnukly we ekologiýa taýdan abadançylygy üpjün edilen şäherleri hem-de ilatly nokatlary döretmegi göz öňünde tutýar.
Duşuşyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, amaly netijeleri gazanmaga, halkara tejribesini alyşmaga hem-de Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen şähergurluşyk ulgamynda häzirki zaman çemeleşmelerini ornaşdyrmaga taraplaryň özara gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
PDF








