4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyşyna ak pata berdi.

Dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimizi mübäreklediler. Sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, täze desgalaryň açylyş we düýbüniň tutulyş dabaralary mynasybetli çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz Demirgazyk — Günorta ugry boýunça amatly ulag geçelgesi hasaplanýan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň demirgazyk künjegini paýtagtymyz bilen birleşdirýän Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurulmagynyň üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge, gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berjekdigini, şeýle hem goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrjakdygyny nygtady.
Umumy uzynlygy 550 kilometre golaý bolan bu ýolda ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli şertler dörediler. Täze awtomobil ýoly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan döwrebap ýol gözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Täze ýoluň ugrunda uzynlygy 812 metr bolan täze häzirki zaman awtomobil köprüsi hem gurlar. Şeýle hem bar bolan 9 sany awtomobil köprüsi doly döwrebaplaşdyrylar.
Nygtalyşy ýaly, geçen ýyl Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň düýbi tutuldy. Bu gün bolsa bu möhüm ähmiýetli ýoluň uzynlygy 44 kilometr bolan Garabogaz — serhetýaka bölegi açylyp ulanmaga berilýär. Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň aýrylmaz bölegi bolan bu ýol-ulag düzümi halkara ähmiýetli ulag ugurlarynyň möhüm bölegine öwrüler.
Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň hem düýbi tutulýar. Kärhanada ösümlik ýagyny öndürmek pudagynda uly tejribä eýe bolan halkara kompaniýalaryň döwrebap enjamlary ornaşdyrylar. Bu bolsa kärhananyň halkara hil talaplary esasynda işlemegini üpjün edip, ýokary hilli pagta ýagyny öndürmäge mümkinçilik berer. Döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 250-ä golaý adamyň zähmet çekmegi üçin ähli şertler dörediler.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň himiýa senagatynda birnäçe iri kärhanalar netijeli işleýär. Şol kuwwatly kärhanalarda ýerli çig mallary ulanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şu gün Daşoguz welaýatynda düýbi tutulýan täze himiýa desgasy hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu bolsa ekologiýa taýdan arassa önümçilik işini ýola goýmaga ýardam eder.
Döwrebap toplum ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürmäge niýetlenendir. Bu toplumda öndüriljek dökünler ýurdumyzyň oba hojalyk sarp edijileriniň isleglerini doly kanagatlandyrar. Şeýle hem daşary ýurtlara eksport ediler. Bu ýerde bir müňden gowrak täze iş orunlary dörediler. Zähmet çekjek hünärmenleriň köp sanlysy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okadylyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler. Umuman, döwrebap azotly dökünleri öndürýän toplumyň gurulmagy ýurdumyzyň himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşar.
Soňra sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyş dabarasy boldy.
Balkan welaýatyndan Hormatly il ýaşulusy A.Begjanow sanly ulgam arkaly çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynyň uly ösüşleri başdan geçirýändigini, ata-babalarymyzyň «Ýol salan sogap gazanar», «Ýoly bar ýurduň ýagty geljegi bar» ýaly asylly ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen barha rowaçlanýandygyny belledi. Bu ýol diňe bir iki goňşy döwleti däl, eýsem, sebitleri birleşdirjek, söwda-haryt dolanyşygyny, ulag we ýolagçy gatnawlaryny ösdürjek dostluk ýoly bolar.
Şunuň bilen baglylykda, A.Begjanow döwlet Baştutanymyzdan Garabogaz — serhetýaka awtomobil ýolunyň açylyşyna ak pata bermegini haýyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz täze ýoluň açylyş dabarasyna ak pata berdi.
Şol pursat şowhunly aýdym-sazlar ýerine ýetirilip, dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular toý bagyny kesdiler.
Soňra täze awtomobil ýolunyň ulanmaga berilmegini beýan edýän wideoşekil görkezildi.
Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — serhetýaka böleginiň umumy uzynlygy 44 kilometre deňdir. Ýer düşeginiň ini 27,5 metre deň bolan bu döwrebap awtomobil ýolunyň gatnaw bölegi her biriniň ini 9 metr bolan iki ugurdan ybaratdyr. Ýoluň howpsuzlygyny we amatlylygyny üpjün etmek maksady bilen, 3,5 metrlik bölüji zolak hem-de her tarapynda ini 3 metr bolan ýol gyralary göz öňünde tutulypdyr. Ýoluň gurluşygy halkara standartlara laýyklykda ýerine ýetirilip, onuň esasy gatnaw bölegi toprak gatlagynyň we geotekstiliň üstünden 20 santimetrlik iki sany iri däneli çagyl-çäge, 10 santimetrlik ownuk däneli çagyl garyndylary, şeýle hem 8 santimetrlik öýjükli, 7 santimetrlik iri däneli hem-de 5 santimetrlik dykyz ownuk däneli gyzgyn asfaltbeton gatlaklaryndan ybaratdyr. Bölüji zolakda bolsa toprak gatlagynyň üstünden 15 santimetrlik owradylan çagyl garyndysy we 10 santimetrlik ownuk däneli gyzgyn asfaltbeton gatlagy düşelip, ýol infrastrukturasynyň durnuklylygy üpjün edilýär.
Soňra täze düýbi tutuljak Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoly barada taýýarlanan animasion wideofilm görkezildi.
Aşgabat şäheriniň görküne görk goşýan Oguz han suw çüwdürimler toplumyndan başlanýan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 546 kilometre deňdir. Ulag durnuklylygyny we ýokary tizligi üpjün etmek maksady bilen, ýol dört tapgyra bölünip, iň kämil ykdysady-tehniki görkezijileriň esasynda gurlar. Onuň 1-nji böleginiň, ýagny 0 — 9-njy kilometr aralygynyň ýer düşeginiň ini 65 metr bolup, jemi 8 zolakdan ybaratdyr. Bu ýerde iki taraplaýyn pyýada ýollary, gök zolaklar we ýanýollar göz öňünde tutulandyr. Ýoluň 9 — 48-nji hem-de 527 — 546-njy kilometr aralyklarynyň ýer düşeginiň ini 34 metr bolup, 6 hereket zolagyndan ybaratdyr. 48 — 527-nji kilometr aralygynda bolsa ýoluň ini 26,5 metr bolup, 4 hereket zolagyna bölünendir. Ýoluň ugrunda ýolagçylaryň we sürüjileriň rahatlygy üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.
Taslamanyň dowamynda öň bar bolan jemi 9 sany köpriniň durky täzelener. Şeýle hem “Naýzalydepiz” oýtumynda uzynlygy 812 metr, ini 25 metr bolan 2 gatnawly awtomobil köprüsi we onuň 2 kilometrlik eltiji ýollary, ýoluň ugrunda döwrebap we oňaýly 136 sany awtobus duralgasy hem-de 13 sany awtoduralga meýdançasy gurlar. Mundan başga-da, ýol hereketiniň kadaly we howpsuz bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, polisiýanyň ýol gözegçilik nokatlarynyň 7-si gurlar hem-de döwrebap wideogözegçilik we tizlik ölçeýji ulgamlary ornaşdyrylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň wekilleriniň haýyşy boýunça täze awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlejek ösümlik ýag kärhanasy barada taýýarlanan animasion wideofilm görkezildi.
Umumy meýdany 122 müň 500 inedördül metr bolan önümçilik desgasy bir gije-gündizde 600 tonna çig mal kabul etmäge ukyply bolup, kabul edilen çig mal ilkinji tapgyrda kärhananyň barlaghanasynda barlagdan geçirilýär we çig mal ammarlarynda toplanýar. Kärhanadaky sykma bölümi günde 200 tonna çig maly gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Sykma bölüminden çykan çig ýag arassalamak we hilini gowulandyrmak üçin rafinasiýa bölümine iberilýär. Rafinasiýa bölüminiň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 50 tonna çig ýagy arassalamaga mümkinçilik berýär.
Kärhanada öndürilen ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli ýag guýma we gaplama binasyna ugradylýar. Bu binada dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp, bir ýylda jemi 9 milliona golaý 1 litr göwrümdäki plastik gaplara guýlan ýag öndürmäge mümkinçilik berýär. Täze kärhana içerki bazarda haryt bolçulygyny üpjün etmäge, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmäge hem-de ýerli önümçiligi ösdürmäge uly goşant goşar.
Soňra hormatly Prezidentimiz senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasy barada ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasynda çykyş etmek üçin «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga söz berildi.
Işewür ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da ösmegine, senagat kuwwatynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirjek bu täze desganyň gurluşygynyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylandygy üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de «GAP Inşaat» gurluşyk kompaniýasynyň Germaniýanyň «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda bu desganyň gurluşygyny halkara standartlara laýyklykda amala aşyrjakdygyna hem-de taslamany ösen tehnologiýalaryň, innowasion çözgütleriň we ekologiýa taýdan arassa çemeleşmeleriň esasynda durmuşa geçirjekdigine ynandyrdy.
Soňra German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms çykyş edip, Daşoguz welaýatynda geçirilýän şeýle möhüm waka gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi hem-de ýolbaşçylyk edýän komitetiniň adyndan Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň hem-de häzirki zaman senagat ösüşiniň berk binýadyny goýan Gahryman Arkadagymyza, bu özgertmeleri üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Häzirki wagtda german-türkmen ykdysady gatnaşyklary ýokary derejelere çykarylyp, şu günki täze desganyň düýbüni tutmak dabarasy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de umumy ykdysady üstünlikleri berkitmekde ýene-de bir möhüm tapgyr bolar. Daşoguzdaky toplumda «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasynyň ammiak, karbamid we ammiak selitrasyny öndürmek boýunça dünýäde meşhur bolan tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu öňdebaryjy çözgütler serişdelerden iň ýokary derejede netijeli peýdalanmagy hem-de içki bazaryň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin ýokary hilli dökünleriň öndürilmegini üpjün edýär.
Soňra Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory hanym Nadýa Hokanssona söz berildi. Işewür zenan döwlet Baştutanymyzyň goldawy bilen durmuşa geçirilýän bu döwrebap önümçilik toplumynda wekilçilik edýän kompaniýasynyň iň kämil inženerçilik we tehnologik çözgütleriniň ulanyljakdygyny belläp, bu innowasiýalaryň energiýa we serişde tygşytlamaga, munuň netijesinde bolsa önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de daşky gurşawa ýetirilýän täsiri peseltmäge ýardam edýändigini aýtdy.
Nadýa Hokansson şu gün Türkmenistanyň senagat ulgamyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljak iri önümçilik toplumynyň gurluşygyna badalga berilýändigini belläp, «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasynyň bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin öz öňdebaryjy tehnologiýalaryny we inženerçilik tejribesini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.
Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplum barada taýýarlanan animasion wideofilm görkezildi.
Toplumyň önümçiliginiň esasy çig maly tebigy gaz bolup, onuň deslapdan bir ýylda 630 million kub metr möçberini sarp etmek göz öňünde tutulýar. Täze taslamada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologiýalary ulanylar hem-de energetika üpjünçiligi ornaşdyrylan turbina generatorlary bilen üpjün ediler. Toplumda öndüriljek karbamid hem-de ammiak selitra dökünleri ýurdumyzyň içerki sarp edijileriniň isleglerini doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem täze toplumda öndüriljek karbamidiň agramly bölegi daşary ýurtlara eksport ediler. Mundan başga-da, toplumda 1 müňden gowrak täze iş orunlarynyň döredilmegine garaşylýar. Bu bolsa Daşoguz welaýatynyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga itergi berer.
Wideofilm tamamlanandan soňra hormatly Prezidentimiz körpeleriň haýyşy boýunça täze toplum barada ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz azotly dökünleri öndürjek täze toplumyň düýbüniň tutuljak ýerine geldi.
Ýaş nesliň wekili hormatly Prezidentimizden täze toplumyň düýbüni tutup bermegini haýyş etdi hem-de gol çekilen sene ýazgyly gutyny gowşurdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze toplumyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady hem-de pil bilen ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem toplumyň düýbüne beton garyndysyny atdylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Ýaş nesliň wekili hormatly Prezidentimizden senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň düýbüni tutup bermegini haýyş etdi hem-de gol çekilen sene ýazgyly gutyny gowşurdy.
Ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujyk ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze toplumyň binýadyna atyldy. Hormatly Prezidentimiz düýbi tutulýan desganyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy. Dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular hem döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, desganyň binýadyna beton garyndysyny atdylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerden Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň düýbüniň tutuljak ýerine geldi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň wekiliniň haýyşy boýunça täze awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy hem-de ilkinji beton garyndysyny ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda gurluşyk meýdançasynyň binýadyna atdy we bu başlangyja ak pata berdi.
PDF








