“Real Madrid” topary Gresiýanyň paýtagty Afinyda AEK bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ispan kluby kynlyk bilen ýeňiş gazandy. Duşuşykda ýer eýeleri 2 gezek öňe geçse-de, olara üstünligi saklamak başartmady. 12-nji minutda grekler Koýtanyň goly bilen hasaby açdy. 20 minutdan soň Jud Bellingam hasaby deňlemegi başardy. 75-nji minutda Pilios AEK toparyny öňe geçirse-de, 3 minutdan soň Kilian Mbappe hasaby deňledi. Oýnuň 90+2-nji minutynda Walwerdeniň uzakdan batly urgusy ispan toparyna 4-nji ýeňşini gazandyrdy. Mourinionyň şägirtleri AEK-i taryhynda ilkinji gezek myhmançylykda ýeňip, hiç hili utuk ýitirmezden ýoluny dowam etdirýär.

Portugaliýada “Porto” bilen “Napoli duşuşyp, ýer eýeleri 4-1 hasabynda üstün çykdy. Şu möwsümde ilkinji ýeňşini gazanan “Porto” topary 11-nji minutda Bednaregiň goly bilen öňe geçdi. 43-nji minutda MakTomineý hasaby deňledi. Ýöne 2-nji ýarymda soňky 20 minutda has erjel oýun görkezen portugallar yzly-yzyna 3 gol geçirip, 71-nji minutda Weiganyň, 80-nji minutda Kwioryň hem-de 90-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Agehowanyň gollary esasynda ýeňiş gazandy.

Dortmundda ýerli “Borussiýa” bilen Ispaniýanyň “Betis” topary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda nemes kluby 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda dortmundlylaryň gollary Fabio Silwa (49) bilen Karetsas (72) geçirse, myhmanlardan Ruibal (67) tapawutlandy. Bu olaryň 4-nji tapgyrdaky 3-nji ýeňşi boldy. “Betis” topary ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.