Braziliýada 20 ýaşa çenlileriň ligasynda taryhy rekord täzelendi. Ýagny sebitleýin ýaryşda Minas Gerals U20 çempionatynyň ýarym finalynda “Uberlandia” bilen “Mamore” toparlarynyň duşuşygynda emin gyzyl kart görkezmekde taryhy rekord goýdy.
Oýnuň 53-nji minutynda “Mamore” toparynyň oýunçysy Dawi ýer eýeleriniň derwezesinden 3-nji goly geçireninden soň, janköýerlere myjalat beriji ýagdaýda begençli hereketler etdi. Şol pursatda Uberlandia toparynyň derwezeçileri türgenleşdirijisi Paulo Seržio Dias dos Santos 3-nji goly geçiren oýunçynyň eden bu hereketlerine garşylyk görkezmek üçin meýdança girdi. Şondan soň meýdançanyň içi edil söweş ýerine öwrüldi.
Polisiýanyň kömegi bilen uruş ýatyrylyp, duşuşygyň emini Fernando Patrik Drosgiç Modesto wakalara goşulan 40 futbolça hem-de 8 tälimçä gyzyl kart görkezdi. Ol bu wakadan öňem duşuşygyň dowamynda 3 futbolçyny gyzyl kart görkezip, oýundan kowupdy. Netijede, bu duşuşykda emin 51 kişä gyzyl kartyny görkezdi we oýny ýatyrdy.
Şeýlelikde, bu duşuşyk 51 gyzyl kart bilen dünýä futbolynyň taryhyndaky iň köp gyzyl kart görkezilen oýun boldy. Bu ugurda ozalky rekord 15 ýyl hasaba alnypdy. 2011-nji ýylda Argentinanyň 5-nji ligasynda “Atletiko Kleýpol” bilen “Wiktoriano Arenas” toparlarynyň arasyndaky oýunda emin 36 kişä gyzyl kartyny görkezipdi.
PDF








