5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan hormatly Prezidentimiziň uçary Astana şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy.
Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.
PDF








