Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Hytaýyň nebit uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda ilkinji gezek Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynda 5-nji noýabrda Halkara açyk informatika internet olimpiadasy geçirildi.
Açylyş dabarasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Hytaýyň nebit uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary çykyş edip, olimpiada gatnaşýan talyplary, olaryň ýolbaşçylaryny gutladylar we gatnaşyjylara uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdiler. Açylyş dabarasyna professor-mugallymlar, talyplar bilen bir hatarda sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we olaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.
Halkara olimpiada 2 ýurdyň 4 sany nebitgaz ugurly ýokary okuw mekdeplerinden jemi 120 talyp işjeň gatnaşdylar.
Olimpiadada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary aýratyn tapawutlanyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan ýörite işlenilip düzülen milli programma üpjünçiliginiň kömegi arkaly toplanan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy ýeňijileri kesgitlenildi. Ýeňiji diýlip yglan edilen talyplar we toparlaýyn bäsleşigiň ýeňijileri uniwersitetiň rektory tarapyndan 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.
Çeşme: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti.