Synçgylawuk öýkeniň aşagyndaky kükrek myşsalarynyň birden gysylmagy netijesinde emele gelip, içimizdäki howa uly tizlik bilen daşyna çykýar we ses perdeleriniň birden ýapylmagyna sebäp bolýar. Netijede, adam synçgyryp başlaýar.
Synçgylawugy aýyrmak üçin dürli usullar ulanylýar. Hünärmenler bir zatdan gorkmagyň, suw içmegiň, belli bir wagt demiňi saklamagyň synçgylawugy aýyrýandygyny belleýärler. Şeýle-de bolsa, käbir adamyň synçgylawugy wagty bilen aýrylmaýar.
Lukmanlar synçgylawukdan dynmak üçin tebigy ýollardan peýdalanmagy maslahat berýärler. Olar ýagtylyga seretmek, demiňi 15 sekunt saklamak, sowuk suw içmek ýa-da limon iýmek ýaly usullardyr. Aslynda bularyň ählisi şol bir netijäni döretmek – bedendäki kömürturşy gazynyň derejesini ýokarlandyrmak üçin edilýär. Şeýle edilende dem alyş ýollary gowşaýar, netijede synçgylawuk aýrylýar.
Synçgylawugyň birnäçe sebäbi bar. Köplenç bu ýagdaý köp nahar iýmek, gazly suw içmek, aşa gyzgyn ýa-da sowuk nahar iýmek ýaly sebäplerden döreýär. Adamyň ruhy ýagdaýy hem synçgylawuga sebäp bolup bilýär.
PDF








