5-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 3,8 göterime, gurluşykda 6,8 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,6 göterime, oba hojalygynda 1,2 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda jemi öndürilen önüm 10 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,5 göterim artdy.
Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,2 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,3 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini kämilleşdirmegi dowam etmegiň, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamagyň, şeýle hem ykdysadyýetiň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmegi dowam etmegiň möhümdigini belledi we şunuň bilen baglylykda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
“Jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini bellemek isleýärin. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, kabul edilen maksatnamalary amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
PDF








