4-5-nji noýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA) çäklerine Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde «Merkezi Aziýada resminamalaryň galplaşdyrylmagyna garşy göreşmek, sebitara hyzmatdaşlygyny we maglumat alşygyny güýçlendirmek» boýunça  duşuşyk geçirildi.
Bu duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň we halkara guramalaryň hünärmenleri bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Resminamalaryň gorag elementlerini we olaryň hakykylygyny kesgitlemegiň döwrebap usullaryny öwrenmek meseleleri geçirilen duşuşygyň gün tertibiniň esasyny düzdi. Söhbetdeşligiň dowamynda migrasiýa ulgamynda innowasion we ýokary tehnologiýaly usullary giňden ornaşdyrmak, şahsyýeti tassyklaýan we ýol resminamalarynyň goraglylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly tejribe alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga, bilermenler derejesindäki duşuşyklary yzygiderli geçirmäge ygrarlydyklaryny bellediler.

Çeşme: migration.gov.tm