4-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Serhan Aktoprak bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar migrasiýany dolandyrmak babatynda halkara kadalaryny we migrasiýa kanunçylygyny iş ýüzünde netijeli durmuşa geçirmek bilen baglylykda Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge içgin gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Taraplar parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatyndaky ähli başlangyçlar we maksatnamalar boýunça hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmäge taýýardygy barada belläp geçdiler. Şeýle hem halkara migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň giňeýändigi barada aýdyp, migrasiýa babatda gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ugrunda degişli işleriň alnyp baryljakdygyny bellediler.

Çeşme: migration.gov.tm