3-4-nji noýabrda Türkmenbaşy halkara deňiz portundaky Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň gümrük işgärleriniň arasynda tejribe alyşmak maksady bilen okuw maslahaty geçirildi.
Çäräniň dowamynda pakistanly gümrük işgärleri Hazarýaka sebitinde iri logistika toplumy bolan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri, şeýle hem üstaşyr geçirilýän ulag serişdeleri we harytlar babatynda gümrük gözegçiligini alyp barmak üçin döredilen döwrebap şertler bilen ýakyndan tanyşdyryldy.
Şeýle hem, türkmen we pakistanly gümrükçiler Bütindünýä gümrük guramasynyň (WCO) Ýolagçy we ýük daşamalaryna gözegçilik etmek boýunça maksatnamasynyň hem-de Gümrük gulluklarynyň we port gözegçilik toparlarynyň sebitara torunyň (IREN) çäklerinde alnyp barylýan işler boýunça öz tejribelerini paýlaşdylar we geljekde hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdylar.
Bilelikdäki okuw maslahaty, Halkara deňiz portlarynyň üsti bilen amala aşyrylýan ýük daşamalarynda gümrük gözegçiligini talabalaýyk guramakda, howpsuz ýük daşamalary üpjün etmekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda tejribe alyşmakda ähmiýetli boldy.
Çeşme: customs.gov.tm