1860-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Awraam Linkoln Respublikaçylar partiýasyndan ABŞ-nyň 16-njy Prezidenti saýlanýar. Ol saýlawçylaryň sesleriniň köplügini alyp, ýurduň taryhynda Respublikaçylar partiýasyndan saýlanan ilkinji döwlet Baştutany boldy. Bu saýlaw ýurduň syýasy durmuşynda öwrülişikli tapgyr bolup, gulçulyga garşy göreşi hem-de ýurduň birleşmegini çaltlandyrdy. Linkolnyň häkimiýete gelmegi soňlugy bilen gulçulygyň doly ýatyrylmagyna getirdi.
PDF








