UEFA Ýewropa Ligasynda 4-nji duşuşyklar geçirildi. Portugaliýanyň “Benfika” topary öz meýdançasynda “Leh Poznany” Rafa Silwanyň (6), Prestianniniň (67) hem-de Sudakowyň (90) gollary bilen 3-1 hasabynda utdy.
“Ýuwentus” hem myhmançylykda AZ toparyndan Koopmeýnersiň hem-de Kolo Muaniniň gollary esasynda 2-1 üstün çykdy.
Ýeňlişsiz gelýän toparlaryň biri bolan “Bornmut” topary myhmançylykda “Sparta Praga” bilen duşuşdy. Oýunda ýer eýeleri 1-nji ýarymda Singatehiň goly bilen öňe geçdi. Bu “Bornmut” toparyň umumylykda soňky 6 oýunda geçirden ilkinji goly boldy. 2-nji ýarymda iňlis kluby Adamsyň, Ewanilsonyň hem-de Raýanyň gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi.

Bu ýaryşda yzygiderli ýeňiş gazanmakda kynçylyk çekýän, hatda yzygiderli ýeňilýän “Milan” öz meýdançasynda “Ferenswaroşdan” 2-0 utuldy. Soňky 15 minuty 1 oýunçy kem oýnan wenger toparyna ýeňiş getiren gollary 52-nji we 66-njy minutlarda Lenni Ýosef geçirdi.
“Baýer” öz meýdançasynda garaşylmadyk ýagdaýda “Marselden” 1-0 ýeňildi. “Beşiktaş” hem myhmançylykda “Seltikden” 3-2 hasabynda asgyn gelip, bu olaryň ilkinji ýeňlişi boldy.
Geçirilen 4-nji duşuşyklardan soňam 7 topar ýeňlişsizlik seriýasyny dowam etdirdi. Olar “Benfika”, “Bornmut”, “Ferenswaroş”, “Ýunion Sent-Žilluaz”, “Ýuwentus”, “Olimpiakos” hem-de 3 deňligi, 1 ýeňşi bolan “Renn” toparlarydyr. “Benfika”, “Bornmut” hem-de “Ferenswaroş” klublary 4-nji duşuşygynda-da utuk ýitirmän, utuklaryny 12-ä çykardylar.
Renn – Olimpiakos: 0-0
Milan – Ferenswaroş: 0-2
Sparta Praga – Bornmut: 1-3
Kristal Palas – Hoffenhaým: 1-1
Lilleström – Wiktoriýa Plzen: 0-1
NEK – Omoniýa: 3-1
Lewski Sofiýa – Ýagelloniýa Belostok: 1-0
Real Sosiedad – Lion: 1-1
Anderleht – RB Salsburg: 2-0
AZ – Ýuwentus: 1-2
Baýer – Marsel: 0-1
Seltik – Beşiktaş: 3-2
Hapoel Be’er Şewa – OFI: 0-2
Selta – Ýunion Sent-Žilluaz: 1-2
Torreeense – Ararat-Armenia: 3-2
Şturm Gras – Selýe: 2-3
Benfika – Leh Poznan: 3-1
Sanderland – Dinamo Zagreb: 0-2
PDF








