Koreýa Respublikasynyň «Ssangyong» kompaniýasy ilkinji elektrik hereketlendirijili ulagyny halk köpçüligine ýetirdi. 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda öndüriljek bu ulag sürüjiler we ýolagçylar üçin ähli amatlyklary özünde jemlär. Onuň içerki bölegi has giň bolup, köp amallary ýerine ýetirmäge giň mümkinçilikler dörediler.
Ekologiýa taýdan arassa önümçilige has köp ähmiýet berýän kompaniýa ilkinji elektrik ulagy bilen bir hatarda alýuminden ýasalan şaýlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Täze «E100» ulagynyň uzynlygy 4,44 metre deň bolar. Hereketlendirijisi 90 at güýjüne eýe bolan bu ulagyň tizligi sagatda 150 kilometre deň bolar. Kompaniýanyň bu ulagy elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň synpynda has çalt tizlenen ulag görnüşleriniň biri bolar. 61,5 kWh kuwwata eýe bolan batareýasy bilen 350 kilometr menzil geçip biler.