Bosniýa we Gersegowinanyň günortasyndaky Mostar şäherini kesip geçýän Neretwa derýasynyň üstündäki köprüden bökmek ýaryşy geçirildi. 454-nji gezek geçirilen bu täsin bäsleşik 1566-njy ýylda gurlan köpriniň üstünde geçirilýär. Köpriniň suwdan beýikligi 28 metre barabar bolup, oňa 32 türgen gatnaşdy. Türgenler esasan iki ugur boýunça – başaşak hem-de dikligine bökmekde güýç synanyşdylar. Bu ýaryşa ýerli türgenler bilen bir hatarda Sloweniýa, Serbiýa, Horwatiýa, Kosowa, Demirgazyk Makedoniýa, Çernogoriýa ýaly sebit ýurtlaryndan hem türgenler gatnaşýar.
Rahatlandyryjy güýmenje
Dynç alyş möwsüminde wagtymyzy peýdaly geçirmek üçin ençeme güýmenjeler bar. Daşarda oýnalýan oýunlar bilen gümra bolmak biziň sagdyn we şähdaçyk bolmagymyza getirse, surat çekmek bizi rahatlandyrýar. Muňa başgaça «art–terapiýa» hem diýilýär. Surat çekmek adam saglygyna oňaýly täsir edýän sungatyň bir görnüşidir. Bu sungatyň esasy maksady adamyň içki dünýäsinde bolup biljek oňaýsyz ýagdaýlary – ruhy çökgünligi, aladany, gorkyny anyklamakdan we olary ýeňip geçmäge kömek etmekden ybaratdyr. Bu usul, esasan-da, çagalaryň ösüp barýan döwründe olaryň ukyp-başarnyklarynyň kämilleşmegine oňaýly täsir edýär. Dürli reňkleri saýlap, öz dünýäsindäki şekilleri ak kagyza ýerleşdirmek, çagada kiçilikden geljege bolan gowy arzuwlaryň, sözleýiş başarnyklarynyň hem-de özüne bolan güýçli ynamyň peýda bolmagyna ýardam edýär. Psihologlaryň bellemegine görä, «art–terapiýa» biziň daş-töweregimizdäki iriziji pikirlerden daşda durmaga, rahatlanmaga hem-de ünsümizi peýdaly zada gönükdirmäge we şol bir wagtda bize güýç toplamaga mümkinçilik döredýär. Şonuň üçin hem çagalara kiçiliginden surat çekmegi endik etdirmek maslahat berilýär. Bu usulyň iň peýdaly tarapy bolsa, ol hem çaganyň içki dünýäsiniň dürli öwüşginli reňkler ýaly owadan bolmagyna goşant goşýar. Geliň, älemi ajaýyp şekillerde göreliň!
Nargiza Melsowa,
Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow etrabynyň ýaşaýjysy.