Türkiýeli meşhur hüjümçi Burak Ýylmaz mundan soň, karýerasyny Fransiýanyň çempionatynda dowam etdirer. Geçen möwsümi “Beşiktaşda” geçiren Burak Ýylmaz “Ligue 1”-iň “Lill” topary bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Fransuz kluby bu transfer tölegsiz amala aşyrdy. 35 ýaşyndaky Ýylmaz “Lillde” çykyş etjek türkiýeli 5-nji futbolçy bolar. Karýerasynda “Antalýaspor”, “Beşiktaş”, “Manisaspor”, “Fenerbahçe”, “Trabzonspor”, “Galatasaraý”, “Beižing Guaon” ýaly klublarda oýnan Ýylmaz jemi 244 goly derwezä gönükdirdi.