Gazagystanda 10-njy awgustda täze baýramçylyk – Abaý güni belleniler. Ýurduň Premýer-ministri Askar Mamin hökümetiň “Gazagystan Respublikasynyň dynç alyş seneleriniň sanawynyň tassyklanmagy baradaky” kararyna üýtgetme girizmek barada karara gol çekdi. Resminamada “Gazagystan Respublikasyndaky dynç alyş seneleriniň sanawy, bu karar bilen tassyklanan aşakdaky madda bilen doldurylmaly: “10-njy awgust – Abaý güni” diýlip resminamada bellenilýär.

Şu ýyl meşhur şahyryň 175 ýyllygy giňden bellenilýär. Türki halklaryň medeniýetiniň halkara guramasy  (TÜRKSOY) geçen ýylyň dekabrynda 2020-nji ýyly Abaý Kunanbaýew ýyly diýip yglan etmek barada karara gelipdi. Filosof, şahyr we magaryfçy Abaý Kunanbaýew 1845-nji ýylyň 10-njy awgustynda dünýä indi.