Häzirki wagtda koronawirusa garşy sanjymy taýýarlamak üçin dürli ýurtlarda degişli işler alnyp barylýar. Şol işleriň ilkinji netijesi boýunça, Russiýada koronawirusa garşy sanjym taýýarlanyp, hasaba alyndy. Dünýade hasaba alnan ilkinji sanjym barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hökümet agzalary bilen geçiren wideokonferensiýa arkaly mejlisinde belläp geçdi.
Prezident Putin bu sanjymyň örän netijelidigine, durnukly immuniteti emele getirjekdigine ynanýandygyny belledi. Hökümet mejlisinde saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko bu sanjym barada maglumat berip, waksina bilen baglanyşykly ähli zerur kliniki synaglaryň geçirilendigini mälim etdi. Ol waksinanyň synaglarynyň ýokary netijeli we howpsuzdygyny görkezendigini, ähli meýletinçileriň COVID-19-a ýokary derejeli antikorlary döredendiklerini, waksinanyň olaryň hiç birinde hadysalary ýüze çykarmandygyny belledi.
Gamaleý gözleg merkezi tarapyndan işlenip düzülen sanjym «Binnofarm» kompaniýasy bilen bilelikde öndüriler.
Russiýa sanjymy daşary ýurtlara hem satmagy meýilleşdirýär. Dünýäniň 20-den gowrak ýurdy bu waksinany almaga isleg bildirýär.
Sanjym Russiýanyň raýatlarynda tapgyrlaýyn ulanylyp başlanar. Ministriň aýdyşy ýaly, ol ilki bilen lukmanlara we mugallymlara urlar.