“Forbes” žurnaly ýylyň iň köp girdeji gazanan aktýorlarynyň sanawyny mälim etdi. Sanawda ABŞ-nyň belli aktýory, The Rock lakamly ýyldyz Dweýn Jonson 1-nji ýeri eýeledi. Jumanji” 48 ýaşyndaky aktýor soňky 12 aýyň dowamynda 87,5 million dollar girdeji gazandy. 2 metre golaýy boýy bolan aktýor geçen ýylam 64,5 million dollarlyk girdejisi bilen sanawyň başynda orun alypdy. 2-nji ýerde “Dedpul” filmleriniň ýyldyzy Raýan Reýnolds bolup, ol 71,5 million dollar möçberinde girdeji ýygnady. Golliwudyň başga tanymal aktýory Mark Wolberg 58 million dollarlyk girdejisi sanawyň 3-nji basgançagyna mynasyp boldy. 4-5-nji orunlarda Ben Afflek bilen Win Dizel bolup, olar soňky 1 ýylyň dowamynda degişlilikde 55 we 54 million dollarlyk gazanç etdiler. Bolliwudyň meşhur ýyldyzy Akşaý Kumaryň 48,5 million dollar bilen 6-njy bolan sanawynda kompozitor hem aktýor Lin-Manuel Miranda 7-nji, Will Smit 8-nji, Adam Sandler 9-njy hem-de Hytaýyň dünýä belli aktýory Jeki Çan 10-njy ýeri eýeledi. Ilkinji onlukda aktýorlaryň umumy girdejisi bolsa, 416,5 million dollara deň boldy.

  1. Jeki Çan – 30 million dollar
  2. Adam Sandler – 31 million dollar
  3. Will Smit – 44,5 million dollar
  4. Lin-Manuel Miranda – 45,5 million dollar
  5. Akşaý Kumar – 48,5 million dollar
  6. Win Dizel – 54 million dollar
  7. Ben Afflek – 55 million dollar
  8. Mark Wolberg – 58 million dollar
  9. Raýan Reýnolds – 71,5 million dollar
  10. Dweýn Jonson – 87,5 million dollar