Ýapon kompaniýasy 35 ýyldan gowrak wagt bäri kompýuterleri we noutbuklary öndürýär. Golaýda kompaniýanyň noutbuk bölüminiň «Sharp» kompaniýasyna satylýandygy mälim edildi. Kompýuter bazarynda 35 ýyl işläninden soň, «Toshiba» işini bes etmek kararyna gelip, noutbuk biznesini başga bir ýapon kompaniýasy «Sharp»-a satdy.
Metbugat beýanatynda biznes paýnamalarynyň 19,9%-iniň «Sharp»-a satylandygy mälim edildi. 2018-nji ýylyň başynda ýapon kompaniýasy «Sharp» 36 million dollara «Toshiba»-nyň paýnamalarynyň 80,1%-ini satyn aldy. Şondan bäri «Toshiba» markasy bilen «Dynabook» noutbuklary çykdy.
«Toshiba» personal kompýuter bazarynda öňdebaryjylaryň biridir. Kompaniýanyň ilkinji noutbugy 1985-nji ýylda T1100 ady bilen öndürilipdi. Hakykatda, bu noutbuk çaltlyk bilen senagat standartyna öwrüldi we onda içki zarýad berilýän batareýalar, LCD displeý, 3,5 dýuým floppi diskowod we IBM kompýuterleri bilen utgaşyklyk ýaly köp täzelikler oturdyldy.
Gyzykly ýeri, 1985-nji ýylda noutbugyň içinde 256 KB ýat, 640-dan 200 piksel durulykda LCD displeý we 640 ýa-da 720 KB diski bardy. Noutbugyň ini we boýy takmynan, 30 santimetrden ybaratdy. Şeýle noutbugyň bahasy bolsa, 2000 dollara deňdi.
«Toshiba»-nyň kompýuter biznesi 2017-nji ýylda ýitgi çekdi. «Sharp»-yň direktorlar geňeşiniň başlygy we prezidenti Tai Jeng-wu, «Toshiba»-nyň 80%-den gowrak paýnamalary satyn alnandan üç aý soň kompaniýasynyň girdejili bolup başlandygyny, indi «Dynabook»-yň oňat netijeleri berýändigini aýtdy.