Belgiýanyň “Anderleht” toparynyň oýunçy-tälimçisi, meşhur goragçy Wensen Kompani professional derejede futbol oýnamagyny bes edendigini habar berdi. Ol bu barada: Bar ünsümi diňe tälimçilige jemlemek isleýärin. Şol sebäpli-de futbol oýnamagymy bes edýärin. Bu ýerde azyndan 4 möwsüm galyp, topara häzirkizaman futbolyny oýnatmak isleýärin” diýip, çykyş etdi. 2003-2006-njy ýyllar aralygynda “Anderlehtde” oýnan we 2 çempionlyk gazanan Kompani 2 ýyl “Hamburgda”, 2008-nji ýyldan soňam “Mançester Sitiniň” köýnekçesini geýdi. 11 ýyllap şäherlilerde oýnan Kompani geçen möwsümiň ahyrynda “Anderlehtiň” oýunçy-tälimçisi bolupdy. Tutuş karýerasy boýunça 532 duşuşykda meýdança çykan Kompani 31 gezek tapawutlandy.