UEFA Ýewropa ligasynyň finalynda ýeňiş gazanan tarap “Sewilýa” boldy. Olar Germaniýanyň Köln şäherindäki “RheinEnergie” stadionynda oýnalan finalda Italiýanyň “Inter” toparyndan 3–2 üstün çykmagy başardy. Gollaryň 4-si 1-nji ýarymda geçirildi. 5-nji minutda Romelu Lukaku penaltini dürs urup, hasaby açdy. Ondan soň Luuk de Ýong 12-nji we 33-nji kelle urgulary bilen tapawutlanyp, “Sewilýany” 2–1 öňe saýlady. Ýöne “Interiň” jogap goly gijikmedi. 36-njy minutda tejribeli Diego Godin kelle urgusy bilen hasaby deňlemegi başardy. Bu 1-nji ýarymyň hasaby boldy. 2-nji ýarymda-da toparlar hüjümden zyýada hüşgärligi elden bermen oýnady. Netijede, garşydaşyna garanyňda, azda-kände köpräk töwekgelçilik eden “Sewilýa” öňe saýlandy. 74-nji minutda Diego Karlosyň üstüşar ýerine ýetiren urgusynda meýdançanyň daşyna barýan top Lukakunyň aýagynda degip, derwezä girdi. Şondan soň, “Inter” hasaby deňlejek bolup, tagalla baryny etse-de, olar netije alyp bilmedi we duşuşyk 3-2 hasabynda “Sewilýanyň” peýdasyna tamamlandy. Şunlukda, “Sewilýa” 6-njy bu kubogy eýeläp, Ýewropa ligasynyň ýeke-täk lideridigini ýene bir ýola subut etdi. Andalusiýalylar mundan ozal, UEFA-nyň 2-nji derejeli kubogyny 2006-njy, 2007-nji, 2014-nji, 2015-nji hem-de 2016-njy ýyllarda eýeläpdi. Toparyň ýyldyzy Hesus Nawas hem kubogy 3-nji gezek eýeledi. Luuk de Ýong finalda 2 gezek tapawutlanan 12-nji futbolçy boldy. “Interiň” hüjümçisi Romelu Lukaku bolsa, Ýewropa ligasynda bassyr 11-nji duşuşykda tapawutlanyp, öz rekordyny ösdürdi.

Bu ýeňiş ispan klublarynyň şu ýaryşdaky 12-nji çempionlygy bolup, onuň deň ýary “Sewilýa” degişlidir. Bu ýaryşda soňky gezek 1999-njy ýylda “Parma” bilen çempionlyk gazanan italýan klublarynyň 10-njy çempionlygy başga bir möwsüme galdy. 

SEWILÝA (Ispaniýa) – INTER (Italiýa): 3–2

GOLLAR: Luuk de Ýong 12, 33, Lukaku 84 (ö.d.) – Lukaku 5 (p), Godin 36