Sportuň taryhynda şu gün, 23-nji awgustda, 2 sany futbol kluby esaslandyrylýar. 1923-nji ýylda Ispaniýanyň Wigo şäheriniň “Selta” topary hem-de ondan 1 ýyldan soň, Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-de çykyş edýän “Monako” futbol topary döredilýär. Italýan futbolynyň iki meşhur ýyldyzy hem şu gün dünýä inýär. Italýanyň Dünýä çempionatyna 2 gezek çempionlygyna uly goşant goşan Juseppe Meazza mundan 90 ýyl ozal şu gün dogulýar. Ol 1979-njy ýylda-da 69 ýaşyna 2 gün galanda, 21-nji awgustda aradan çykýar. Şeýle-de, italiýaly başga bir ýyldyz oýunçy Demetrio Albertini hem şu gün 49 ýaşaýar.
Şu gün ýene bir dünýä ýyldyzynyň, basketbolyň tutuş dünýäde giňden ýaýramagyna täsir eden amerikaly super ýyldyz, şu ýylyň başynda pajygaly dikuçar heläkçiliginde aradan çykan, merhum Kobe Braýantyň hem doglan güni.
1910 – Italiýaly futbolçy, Dünýäniň çempiony Juseppe Meazza dünýä inýär.
1923 – Ispaniýanyň “Selta” (Wigo) futbol topary esaslandyrylýar.
1924 – Monakonyň “Monako” (Monte Karlo) futbol topary esaslandyrylýar.
1933 – Londonda geçirilen Arçi Sikston bilen Laori Raiteriniň arasyndaky boks duşuşygy teleýaýlymda görkezilen ilkinji boks duşuşygy bolýar.
1971 – Italiýaly futbolçy Demetrio Albertini dünýä inýär. 1978 – Amerikaly meşhur basketbolçy, super ýyldyz Kobe Braýant dünýä inýär.