Ýeňil atletika ýaryşlarynyň naýbaşylaryndan hasaplanýan Göwher Liganyň (Diamond League) möwsümdäki 1-nji ýaryşy Monakoda geçirildi. Geçirilen ýaryşlaryň birinde, has takygy, 5000 metr aralyga ylgamak bäsleşiginde dünýä rekordy täzelendi. 23 ýaşly Joşua Çeptegei 5000 metr aralygy 12 minut 35,36 sekuntda geçip, täze dünýä rekordyny goýdy. Ozalky rekord efiopiýaly Kenenisa Bekelä degişli bolup, ol 2004-nji ýylda 12 minut 37,35 sekuntda pellehana gelipdi.