Şu ýylyň mart aýynda biržada 224 dollar gymmaty bolan “Apple” paýnamalarynyň bahasy 500 dollardan geçdi. Kompaniýanyň geljek aý täze harytlaryny tanyşdyrmagy bilen paýnamalarynyň bahasynyň has hem ýokarlanmagyna garaşylýar. Belli amerikan kompaniýasynyň bazar nyrhy 2018-nji ýylyň awgust aýynyň başynda 1 trillion dollar sepgidinden geçipdi. Golaýda bolsa iki ýylyň ýylyň dowamynda iki esse ýokarlanyp. 2 trillion dollardan geçdi. Kompaniýanyň paýnamalary düýn günüň başynda 514,79 dollardan hereket edip, 495,74 dollara çenli peseldi. Soňra bolsa, 515,14 dollara ýetip rekord goýdy. Paýnamanyň bu günki bahasy 502 dollardan sähel gowrak.
Häzirki wagtda “Apple”-iň biržada 4 275 634 000 sany gymmatly kagyzy bar. Bu paýnamalary onuň her biriniň bahasy bolan 502-ä köpeldenimizde, bazar nyrhy 2,13 trillion dollar bolýar. “Apple” şu aý tamamlanmanka paýnamalaryna has köp maýa goýum çekmek üçin, ýagny paýdarlaryny artdyrmak üçin her bir paýnamasyny dörde böler. Şeýlelikde, 500 dollarlyk bir sany paýnamasy bolan paýdaryň 125 dollarlyk 4 paýnamasy bolar. Bu ýagdaý kompaniýanyň bazar bahasyna täsir etmejekdigi mälim edildi.